Akulanyň täze görnüşleri tapyldy

Hünärmenler Hindi ummanynyň gündogarynda akulanyň täze iki görnüşiniň ýaşaýandygyny anykladylar.Bu jandarlaryň ululygy bir-birine deňeçer bolup, boýy 1 metre barabar.Deňiz jandarlarynyň “Sixgill Shawshark” toparyna degişli görnüşlerdigi habar berildi.

Akulalaryň burunlarynyň byçga meňzeşdigi mälim edildi.Germaniýanyň Gamburg şäherindäki Elasmobranç laboratoriýasynyň biology Simon Weýgmann geçirilen barlagyň Günbatar Hindi ummanynyň akula biodürlüligi babatda näderejede ähmiýetlidigini ýüze çykarandygyny aýdýar.Weýgmann we onuň kärdeşleri täze tapylan jandarlar barada “PLoS ONE” žurnalyna maglumat beripdirler.

Byçgy burunly akulalar awyny ýiti burunlary bilen parçalaýarlar. Şeýle akulalaryň bedeniniň iki gapdalynda dem alyş organlary bolýar.Hünärmenler çuňňur deňizdir ummanlaryň entek üsti açylmadyk ösümliklere we jandarlara baýdygyny belleýärler.

Ýene degişli makalalar

HHR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy kitap sowgat berdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýedäki ýertitremede şehit bolanlaryň hatyrasyna sadaka berdi
Turkish airlines Türkiýäniň ejir çeken...
Aşgabatda Türkiýede ýertitremesinde ejir çekenler üçin galyň gyş ýorganlary (odeýalo) ýygnalar
Aşgabatda Türkiýede ýertitremesinde ejir çekenler üçin galyň gyş ýorganlary ýygnalar
Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy ýertitremesinde ejir çeken ýaşaýjylara kömek bermek üçin hasap açdy
Türkmenistanly zenan ýer titreme barada: "Biz aman galdyk. Ýöne beýlekilere näme boldy?"