Amerikaly aktýor Robert Daunileriň kiçisi özüniň emeli aň tarapyndan döredilen keşbiniň ulanylmagyna ýol bermejekdigini mälim etdi diýip, MIR 24 ýazýar.
Aktýor şunuň bilen baglylykda, özüniň sanly nusgasyny peýdalanmakçy bolýan studiýalara kazyýet seljerişligi bilen çemeleşmekçidigini duýdurdy. Habarda şeýle hem aktýoryň hukukçylarynyň onuň keşbini aradan çykandan soňra hem gorajakdygy aýdylýar.