Aktýor Maýkl Keýn kinodan gidýändigini habar berdi

Aktýor Maýkl Keýn kinodan gidýändigini habar berdi

Rowaýaty kino aktýory Maýkl Keýn pensiýa çykandygyny we kinodaky işini tamamlandygyny habar berdi diýip, Film.ru ýazýar.

Goja aktýor bu barada The Telegraph neşiri bilen söhbetdeşliginde: Men 90 ýaşymda, oňly ýöräbem bilemok. Indi pensiýada diýsemem boljak diýip, degişdi.

Şu ýyl Keýniň çykyş eden Beýik gaçgak atly komediýasy prokata çykar. Onda garrylar öýünden gaçyp, Fransiýada ýerlenen söweşdeş ýoldaşlaryny hatyralamaga gidýän Ikinji jahan urşunyň weterany barada gürrüň berilýär.

Keýn kinoda 100-den gowrak keşp döretdi, iki gezek Oskar baýragyna mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Ýeňlişsiz diňe “Bawariýa” galdy
Italiýada Merih Demiral tarapyndan başladylan kampaniýa çalt depginler bilen ösýär
APL-yň 22-nji tapgyry Keýniň ýubileý goly bilen tamamlandy
100-nji, 200-nji hem-de 300-nji duşuşygynda gol geçiren 2-nji futbolçy boldy
Fransiýa Angliýany utup, ýarym finala çykdy
7-nji gezek çärýek finaldan gaýtdy, çempion ýarym finalda