Meşhur amerikan aktýory Mettýu MakKonahi ABŞ-nyň Tehas ştatynyň gubernatory wezipesine geçjek saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşmakçy.
“Houston Chronicle” gazetiniň ýazmagyna görä, aktýor öz dogduk ştatynyň ýolbaşçysy wezipesi üçin häzirki gubernator Greg Ebbot bilen bäsleşmeli bolar. Öň geçirilen pikir soralyşyklaryň birinde ştatyň ýaşaýjylarynyň 45 göteriminiň MakKonahi üçin, häzirki gübernator üçin bolsa 33 göteriminiň ses berjekdigi belli boldy.
Tehasyň gubernatory üçin saýlawlar 2022-nji ýylda geçer. Aktýor bu ştatda doguldy, häzir hem maşgalasy bilen bu ýerde ýaşaýar.
MakKonahi kino sungatynda ýatda galyjy keşpleri bilen bellidir, ol özüniň ilkinji “Oskar” kinobaýragyny “Müşderileriň Dallas jemagaty” filmindäki baş keşbi üçin alypdy.