Aktýor Jek Nikolson ýalňyz ýaşaýşy bilen dost-ýarlaryny gorkuzýar

Aktýor Jek Nikolson ýalňyz ýaşaýşy bilen dost-ýarlaryny gorkuzýar

Aktýor Jek Nikolsonyň dostlarydyr ýakynlary onuň terkidünýä ýaşaýşyndan biynjalyk bolýandyklaryny aýdýarlar. 85 ýaşly goja aktýor indi asla köpçülikde görünmeýär we öýünden seýrek çykýar diýip, RadarOnline neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Nikolson şeýle-de dogan-garyndaşlary bilen seýrek görüşýär, şonuň üçin olar aktýoryň öz dosty Marlon Brando ýaly ýalňyzlykda durmuşy terk ederinden gorkýarlar. 2021-nji ýylda Jek Nikolsonyň demensiýadan ejir çekýändigi, oňa ogludyr gyzynyň gözegçilik edýändigi barada myş-myşlar peýda boldy. Еxpress neşiri bu babatda: Aktýoryň fiziki ýagdaýy oňat, emma ony diňe akyl-huşy köseýär diýip ýazdy.

Ýeri gelende aýtsak, Jek Nikolson 3 gezek Oskar baýragyny aldy. Ol kinodaky 60 ýyllyk zähmet ýolunda ençeme nusgalyk filmde surata düşdi, olaryň arasynda Dänenler, Betmen, Ikatýogyň höwürtgesiniň üstünden uçup, Nur ýaly ajaýyp filmler bar.

Ýene degişli makalalar

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Nýu-Ýorka ugrady, Arkadag şäherinde täze döwrebap çagalar seýilgähi gurlar, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Koreýa Respublikasyna baryp görer we beýleki habarlar
Jeki Çan supergahrymanyň keşbini ýerine ýetirmek isleýändigini gürrüň berdi
Jeki Çan fotosuratda tiz garramagynyň sebäbini düşündirdi
Çarli Çapliniň gyzy Jozefina aradan çykdy
Aktýor Maýkl Keýn kinodan gidýändigini habar berdi
Jon Trawolta 70 ýaşyny belledi