Aktiwistler Waşingtonda Aşgabady syýasy tussaglary boşatmaga çagyrdylar

Aktiwistler Waşingtonda Aşgabady syýasy tussaglary boşatmaga çagyrdylar

Türkmen aktiwistleri 9-njy maýda Waşingtonda, Türkmenistanyň Birleşen Ştatlardaky ilçihanasynyň öňünde toplanyp, türkmen syýasy tussaglarynyň azat edilmegine, ýurtda oňyn özgerişlikleriň geçirilmegine çagyrdylar. Ilçihana işgärleri protestçileriň talaplaryna açyk reaksiýa bildirmedi.

“Turkmen.news” neşiri bu çärä on töweregi aktiwistiň gatnaşandygyny, olaryň Nurgeldi Halykow, Mansur Mingelow, Myrat Duşemow, Allamyrat Körhanow, Myrat Öwezow ýaly tussaglaryň boşadylmagyna çagyrandygyny habar berýär.

Miting gatnaşyjylar tussaglykda saklanylýan we derhal boşadylmaly diýip bilinýän bendileriň suratlaryny galdyryp durdular.

Habarda bellenmegine görä, mitinge "Türkmenistanyň demokratik saýlawy" hereketiniň başlygy Myrat Gurbanow, “Turkmen.news” neşiriniň baş redaktory Ruslan Mätiýew, aktiwist, syýasy tussag Mansur Mingelowyň daýzasy Nurjan Suzer we beýlekiler gatnaşdy.

“Miting geçirmek pikirini goldanlar köp boldy, ýöne howpsuzlyk aladalary zerarly, hemmeler oňa goşulyp bilmedi” diýip, habarda aýdylýar.

Aktiwistler diňe bir içerki syýasatda däl, eýsem daşary syýasatda hem özgertmeleriň geçirilmegini, raýatlaryň daşary ýurtlara erkin syýahat etmegi, interneti VPN ulanmazdan ulanyp bilmegi, walýuta konwertasiýasy üçin ýurduň açylmagyny talap etdiler.

Mitinge gatnaşanlar Türkmenistanyň demokratik saýlawy hereketiniň YouTube kanalynda göni ýaýlym açyp, Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Meret Orazowa ýüzlendiler, özleriniň Türkmenistanyň duşmany däldiklerini, diňe ýurda peýda bolmagyny isleýändiklerini aýtdylar.

Emma muňa garamazdan, türkmen ilçihanasynyň hiç bir işgäri ptotestçiler bilen gürleşmäge çykmady.

Şol bir wagtda, habarda aýdylmagyna görä, ýoluň beýle tarapynda duran diplomatik belgili awtoulagyň içinde oturan adamlar protesti ýazgy etdi.

“Belki-de, bu protestçileriň talaplary baradaky maglumatlaryň ýurduň ýolbaşçylaryna ýetjekdigini aňladýar” diýip, habarda bellenýär.

Protestçiler bu ýerdäki çäräni tamamlap, indi öz talaplaryny Ak tamyň öňünde hem gaýtalajakdyklaryny aýtdylar.

Türkmen häkimiýetleri aktiwistleriň gurnaýan dürli protestleri, öňe sürýän talaplary babatda köplenç dymmak pozisiýasyny saýlap alýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda tussag edilen aktiwiste geçmişdäki 'etmişler' esasynda iş kesilipdir
Beýik döwlet bizi saýasyna aldy. Gazagystandan pena alyp bilmedik garagalpaklar ABŞ bardylar
Aktiwistler harasadyň dördünji ýyl dönüminde protest çäresini geçirip, ýüzlenme bilen çykyş etdiler
Aktiwistler Nýu-Ýorkda we Waşingtonda çykyş edip, türkmen syýasy tussaglarynyň boşadylmagyny talap etdi
Türkmen häkimiýetleri Mansur Mingelowyň boşadylmagyna garamagy wada berdiler
Tanymal türkmen 'YouTube' blogçysy Farhat Durdýew Stambulda tussag edildi