Aktiwistler harasadyň dördünji ýyl dönüminde protest çäresini geçirip, ýüzlenme bilen çykyş etdiler

Aktiwistler harasadyň dördünji ýyl dönüminde protest çäresini geçirip, ýüzlenme bilen çykyş etdiler

Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda bolup geçen pajygaly tebigy harasadyň dördünji ýyl dönüminde, türkmenistanly we beýleki käbir post-sowet ýurtlaryndan bolan aktiwistler topary Polşanyň Warşawa şäherinde protest aksiýasyny geçirip, Türkmenistanyň hökümetinden harasadyň netijelerini boýun almagy talap etdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Warşawadaky habarçysy Reýimberdi Gurbanow maglumat berýär.

“27-nji aprel, Warşawa sagady bilen 14:30-da Warşawada ýerleşýän Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň öňünde türkmen aktiwistleri we täze döredilen “Post-sowet dissidentleriniň Warşawa ýaranlygy” atly aktiwistler topary 27-nji aprel 2020-nji ýylda Mary hem-de Türkmenabat şäherlerinde bolup geçen pajygaly harasadyň ýyl dönümine bagyşlap protest çäresini geçirdiler” diýip, Gurbanow habar berdi.

Çärä gatnaşanlar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyna ýüzlenme bilen çykyş edip, bu guramadan türkmen hökümetini harasatyň ýol açan netijelerini boýun almaga, dikeldiş işleri barada hasabat bermäge çagyrmagy talap etdiler.

Şeýle-de, aktiwistler adam pidalaryna getiren pajygaly harasatyň bolup geçen gününiň Türkmenistanda ýas güni yglan edilmegini, weýrançylygyň gerimi we dikeldiş işleriniň barşy barada hasabat berilmegini hem-de harasatda ejir çeken maşgalalara kompensasiýa tölenilmegini talap etdiler.

Protest çäresine Türkmenistandan hem-de Russiýa, Belarus we Gyrgyzystan ýaly öňki sowet ýurtlaryndan 10-dan gowrak aktiwist gatnaşdy.

“Çärä Türkmenistanyň raýatlary hem-de post-sowet ýurtlaryndan bolan migrantlar, syýasy aktiwistler gatnaşdy. Hususan-da, Belarus döwletinden, Russiýa döwletinden hem-de Gyrgyzystandan, şeýle-de Türkmenistanyň raýatlaryndan bäş çemesi adam, umuman, 10-dan gowrak adam gatnaşdy. Käbir adamlar howpsuzlyk nukdaýnazaryndan özleriniň ýüzüni maskalar bilen ýapmaly boldular” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Warşawadan maglumat berdi.

Azatlyk Radiosyna çäräniň geçirilen ýerinden gelip gowşan suratlarda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratiki institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň Warşawadaky binasynyň öňünde elinde Türkmenistanda adam hukuklarynyň ösdürilmegine çagyryş edýän şygarlary göterip surata düşen aktiwistleri görmek bolýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan daşary ýurtly aktiwistler öňki sowet giňişligindäki awtoritar režimlere garşy göreşmegi özleri üçin umumy maksat hasaplaýandyklaryny aýdyp, bu ugurda türkmen aktiwistlerine raýdaşlyk bildirdiler.

“Bu pajygaly waka barada post-sowet ýurtlaryndan bolan käbir aktiwistlere gürrüň berlenden soňra, olar hem Türkmenistanyň raýatlaryny goldamak maksady bilen, protest çäresine gatnaşdylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar.

2024-nji ýylyň başlarynda döredilen “Post-sowet dissidentleriniň Warşawa ýaranlygy” atly topar özüni diýdimzor režimleriň eden-etdiligine we jenaýatlaryna garşy çykýan, repressiýalary, şol sanda transmilli repressiýalary soňlandyrmak ugrunda tagalla edýän hem-de raýat hukuklaryny goraýan koalisiýa hökmünde tanyşdyrýar.

Maglumat üçin aýdylsa, 2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda adam pidalaryna we agyr zeper ýetmelere getiren harasat bolup geçdi.Häkimiýetler bu harasat bilen bagly ýerli ýaşaýjylary öz wagtynda habarly etmezlikde, şeýle-de onuň ýol açan agyr netijelerini aradan aýyrmakda ýeterlik ýardam bermezlikde aýyplandy.

Harasatdan zyýan çeken sebitlerde ýaşaýyş jaýlaryna, durmuş desgalaryna we ekerançylyk meýdanlaryna agyr zyýan ýetdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary harasatdan ejir çeken sebitlere öz başlangyçlary bilen özbaşdak haýyr-sahawat ýardamlaryny toplamaga synanyşan raýatlaryň, meýletinçileriň häkimiýetler tarapyndan yzarlanandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň hökümeti ýurduň gündogar we günorta-gündogar sebitlerinde bolup geçen tebigy heläkçiligi ykrar etmedi. Şeýle-de, döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we elektron neşirler bu harasat barada habar bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Beýik döwlet bizi saýasyna aldy. Gazagystandan pena alyp bilmedik garagalpaklar ABŞ bardylar
Aktiwistler Warşawada protest geçirip, türkmen häkimiýetlerinden hasabat soramakçy bolýar
Diňle: Aktiwistler harasadyň dördünji ýyl dönüminde protest çäresini geçirip, ýüzlenme bilen çykyş etdiler
Ukrainanyň oba hojalyk önümleriniň Polşadan geçmegi gadagan edildi
Polşanyň howa giňişliginde üç sany näbelli jisim anyklandy
Türkmen dzýudoçylary Warşawa şäherinde geçirilen halkara bäsleşikde 2 medala mynasyp boldular