Aktiwist Myrat Düşemowy 5 ýyla çenli möhlet bilen jeza berip bolýan madda boýunça türmä basmaga synanyşýarlar

Aktiwist Myrat Düşemowy 5 ýyla çenli möhlet bilen jeza berip bolýan madda boýunça türmä basmaga synanyşýarlar

Aktiwist Myrat Düşemow 15 güne tussag edilenden soňra boşadylmady. Ol özüne berilen möhleti otyrýarka, oňa garşy wagtlaýyn tussaghanada prowokasiýa gurnadylar.

Indi Düşemowa Türkmenistanyň JK-niň “adam saglygyna bilkastlaýyn agyr zeper ýetirmek” diýen 108-nji maddasy boýunça jenaýat işi abanýar.

“Türkmen.news” neşiriniň žurnalist Allamyrat Rahymowa salgylanyp beren habaryna görä, aktiwistiň oturan kamerasyna başgada iki kişini ýerleşdiripdirler we olar ýumruklaşma gurnapdyrlar. Haçanda, kamera garawul baranda, olar özlerine Düşemowyň hüjüm edendigini aýdypdyrlar.

Myrat Düşemowa berilen 15 günlik möhlet 22-nji iýulda tamamlansada, ol entegem tussaglykda oturýar.

Görnüşi ýaly, türkmen häkimiýetleri aktiwisti has uzyn möhlete basmak isleýärler.

Türkmenistanyň JK-niň “adam saglygyna bilkastlaýyn agyr zeper ýetirmek”diýen 108-nji maddasy boýunça şeýle jezalar bermek göz öňünde tutulýar.

-ortaça zähmet hakynyň 20-den tä 40 möçberine çenli jerime salmak:

-iki ýyla çenli zähmet düzedişi:

–3 ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek:

Emma, agyrlaşdyrylan ýagdaýlar iki ýa-da köp adama edilen hüjüm. Bu ýagdaýda iň ýokary türme tussaglygynyň 5 ýyla çenli uzaldylmagy ähtimal.

7-nji iýulda Myrat Düşemow we onuň ýanyndaky ýoldaşlary Aşgabatdan Daşoguza barýarkalar, polisiýa postunda saklandylar.

Düşemowdan,Juma Jumakaýewden we Leýli Nurmetowadan koronawirus ýokdygy barada güwänama görkezmeklerini talap etdiler.

Düşemow we onuň ýanyndakylar bolsa, şeýle güwänamany talap edýän resminamanyň görkezilmegini talap etdiler.

Olaryň awtoulagyny 4 sagatlap saklanlaryndan soňra, sürüji bolan Jumakaýew ulagy bilen ýoly baglapdyr. Bu hadysany olaryň üçüsi hem telefonda wideýo ýazgy edýärler.

Polisiýa merkezine goşmaça güýç topary gelenden soňra, olaryň 3-siniň ellerini arkasyna bagladylar, ulagy bolsa, jerime duralgasyna iberdiler.

Şol günüň özünde, waka barada kazyýetde diňlenişik boldy.

Nurmetowanyň iki çaga enesi bolandygy üçin jerime salyp, goýberdiler. Düşemowy we Jumakaýewi bolsa, 15 günlik “Sizo” (wagtlaýyn tussaghana) ýolladylar.

9-njy iýulda, Myradyň dogany Alty Düşemow pul almak üçin banka baranda, bankyň işgäri maska dakmagyny sorapdyr. Alty bolsa, Türkmenistanda koronawirusyň ýokdygyny aýdypdyr.

Uzak gürrüňdeşlikden soňra nobatçy polisiýa Alty Düşemowa pul almaga rugsat bermändir.

16-njy iýulda bolsa, Düşemowlaryň öýüne özüni Büzmeýin etrabynyň jenaýat gözleginiň işgäri diýip tanadan biri geldi. Ol Myrat barada soraglar berenden soňra, Altyny we onuň iki dostuny näbelli tarapa alyp gitdi. Ol haýsyda bir order, kazyýetiň kararyny ýa-da başga resminama görkezmedi.

Myrat Düşemow iýunyň ahyrlarynda Aşgabadyň hassahana işgärlerinden koronawirus sanjymyny etmek barada düzgünnamany we buýrugy görkezmegi talap edipdi. Ol bu wakany telefonda wideýo ýazgy edipdi.

Mundan soňra kazyýet Düşemow jemgyýetçilik ýerinde paýyş söz edenlikde günälenipdi we oňa 100 manat jerime salynypdy.

Myrat Düşemow hassahanada alan wideýo ýazgysyny öz “ÝuTube” kanalynda ýaýradypdy.The post Aktiwist Myrat Düşemowy 5 ýyla çenli möhlet bilen jeza berip bolýan madda boýunça türmä basmaga synanyşýarlar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanda aktiwist Myrat Düşemowy tutdylar, doganyny bolsa, näbelli tarapa alyp gitdiler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
IJF reýtingi täzeledi. Türkmenistanly dzýudoçylar näçenji orunda?
Gadymyýetden gözbaş alan nepislik
Gadymyýetden gözbaş alan nepislik