Aktiwist Myrat Düşemow 4 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Aktiwist Myrat Düşemow 4 ýyl azatlykdan mahrum edildi

7-nji iýulda Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda koronawirus düzgünlerini bozandygy üçin kazyýet tarapyndan 15 günlik tussag edilen aktiwist Myrat Düşemowa garşy 16-njy awgustda Daşoguzyň şäher kazyýetinde sud bolup, ol 4 ýyl azatlykdan mahrum edildi diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylaryna adynyň tutulmagyny islemedik aktiwist we “Azat Türkmen” ÝuTube kanaly habar berdiler.

16-njy awgustdaky kazyýet diňlenşigini Daşoguzyň şäher kazyýetiniň kazysy Aganepes Omarow geçirdi we ol aktiwiste ýöňkelýän aýyplamalary yglan etdi.

Düşemowyň hossarlary Daşoguzyň şäher aklawjylar edarasynyň belli aklawjysy Bagtyýar Baltabaýewi kazyýetde aktiwistiň hukuklaryny goramak üçin tutdylar.

Aklawjy Baltabaýewiň sözlerine görä,Düşemow Türkmenistanyň jenaýat kodeksiniň 108-nji maddasy (saglyga bilkastlaýyn orta agyrlykda şikes ýetirmek) we 232-ni maddasy boýunça (gorkuzyp pul almak ýa-da emläk almak) aýyplanyp, 4 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Myrat Düşemowyň hossarlary kazyýetden owal aklawjy Bagtyýar Baltabaýewe aktiwist barada doly maglumatlary beripdirler. Aklawjy şäher kazyýetinde geçen diňleşige gatnaşsada, Myrat Düşemowyň ýakynlary diňlenşige goýberilmedi.

Düşemowa ýöňkelýän günäler boýunça derňew işlerini sülçi Mergen Meredowiç Nurmedow alyp barypdyr we ol Düşemowyň ejesiniň jübi telefonyna jaň edip, 16-njy awgustda kazyýetde diňlenşigiň boljakdygyny habar beripdir we onuň diňlenşige gatnaşyp biljekdigini söz beripdir.

Düşemowyň ejesi 16-njy awgustda Daşoguzyň şäher kazyýetiniň binasynyň öňüne baranda, onuň garawullary diňlenşigiň etrap kazyýetinde geçýändigini aýdypdyrlar.

Aktiwistiň ejesini etrap kazyýetinden yzyna şäher kazyýetine ýollapdyrlar.Ol şäher kazyýetiniň jaýynyň öňünde aklawjy Bagtyýar Baltabaýewe duşupdyr we aklawjy diňlenşigiň irden bolandygyny habar beripdir.

Aklawjy Baltabaýew kazyýetde Myrat Düşemowyň özüne ýöňkelen günäleri boýun alandygyny aktiwistiň ejesine habar beripdir. Ýöne, aktiwistiň ejesi muňa asla ynanmaýar.

Şol bir wagtyň özünde, kazyýetiň çykaran hökümi ne aklawja we ne-de onuň hossarlaryna berilmän, onuň Myrat Düşemowyň özüne berilendigini we ondan alyp biljekdikleri aýdylypdyr.

Myrat Düşemowyň ejesi oglunyň saglyk ýagdaýyna rahatsyzlanýandygy üçin onuň bilen duşuşmak isleýändigi aýdyp, Daşoguzyň şäher kazyýetine girmekçi bolupdyr.

Ýöne,kazyýetiň binasynyň garawullary Düşemowyň ejesiniň koronawirusa garşy sanjymynyň ýokdygy üçin şäher kazyýetiniň jaýyna goýberilmejekdigini aýdypdyrlar.

“TH-niň” owal beren maglumatlaryna görä, 7-nji iýulda Aşgabatdan Daşoguza barýan türkmen aktiwisti Myrat Düşemowy we onuň ýanynda barýan Juma Jumakaýewi we Leýli Nurmetowany polisiýa postunda tutdylar.

Ruhybelent etrabyndaky polisiýa merkezinde olary sakladylar we koronawirus ýokdygy barada güwänama görkezmeklerini talap etdiler. Düşemow we onuň ýanyndakylar bolsa, şeýle güwänama talap edilýän resminamany görkezmeklerini talap etdiler.

Şol günüň özünde, bu hadysa barada kazyýetde diňlenişik boldy.

Nurmetowanyň iki çaganyň enesi bolandygy üçin jerime salyp, goýberdiler. Düşemowy we Jumakaýewi bolsa, 15 günlik “Sizo” (wagtlaýyn tussaghana) ýolladylar.

Mundan 15 gün soňra, Juma Jumakaýew “Sizodan” boşadyldy.

Emma, Myrat Düşemow hamana, kamerada bile oturan raýatlary bilen ýumruklaşma girendigi üçin boşadylmady we aktiwiste garşy Türkmenistanyň JK-niň 108-nji maddasy boýunça jenaýat işi gozgalypdy.

Käbir Türkmen aktiwistleri munuň ýörite gurnalandygyny we aýyplamanyň toslamadygyny aýdýarlar.

Şeýlede Myrat Düşemow iýunyň ahyrlarynda Aşgabadyň hassahana işgärlerinden koronawirus sanjymyny etmek barada düzgünnamany we buýrugy görkezmegi talap edipdi.

Ol bu wakany telefonda wideýo ýazgy edipdi.

Mundan soňra kazyýet Düşemow “jemgyýetçilik ýerinde paýyş söz edenlikde” günäläpdi we oňa 100 manat jerime salynypdy.

Myrat Düşemow hassahanada alan wideýo ýazgysyny öz “ÝuTube” kanalynda ýaýradypdy.The post Aktiwist Myrat Düşemow 4 ýyl azatlykdan mahrum edildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda aktiwist Myrat Düşemowy tutdylar, doganyny bolsa, näbelli tarapa alyp gitdiler
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
IJF reýtingi täzeledi. Türkmenistanly dzýudoçylar näçenji orunda?
Gadymyýetden gözbaş alan nepislik
Gadymyýetden gözbaş alan nepislik
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi