Aktauda Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy boldy

19-njy iýulda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen ilkinji Demirgazyk-Günorta ugry boýunça söwda we logistika forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň we Owganystanyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşykda üç döwletiň ulag ulgamynyň geljekki ösüşleri baradaky hyzmatdaşlykda dürli meseleler ara alyp maslahatlaşdy.

Hususan-da, taraplar Gazagystan—Türkmenistan—Owganystan ugry boýunça haryt dolanyşygynyň gerimini geljekde Pakistanyň çägine çenli uzaltmak meselelerine seretdiler. Şunuň bilen birlikde, üçtaraplaýyn duşuşykda türkmen-owgan serhedinden Owganystanyň Hyrat şäherine çenli demir ýoly gurmak taslamasynyň durmuşa geçirilmegine türkmen, owgan we gazak taraplarynyň gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine seredildi.

Gepleşikleriň dowamynda Gazagystan—Türkmenistan—Owganystan ugrunyň Demirgazyk—Günorta ugry boýunça esasy ulag-üstaşyr geçelgesiniň bolup durýandygy bellenildi. Bu ulag-üstaşyr geçelgesiniň netijeli peýdalanylmagy bilen, haryt dolanyşygynyň möçberi 5 tonnadan 8 tonna çenli ýokarlanar. Geljekde bolsa bu görkeziji 20 tonnadan 30 tonna ýeter.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy.

Ýene degişli makalalar

Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasynyň Ýol kartasy tassyklanyldy
Aktau we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda ýük daşamak soňky üç ýylda 50% ýokarlandy
Türkmenistanyň wekilleri Aktauda geçiriljek ilkinji Demirgazyk-Günorta forumyna gatnaşarlar
Türkmenistanyň wekilleri Aktauda geçiriljek Demirgazyk-Günorta forumyna gatnaşarlar
Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň 41-nji mejlisi geçirildi
Balkan gämi abatlaýyş kärhanasy koreý hünärmenleri bilen bilelikde iki sany gury ýük gämisini gurar