Aktau “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” bolar 

Aktau 2025-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” derejesine eýe boldy.Bu barada Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ-a) agza döwletleriň Aşgabatda geçirilen 41-nji mejlisinden soň mälim edildi” diýip, Gazagystanyň Medeniýet we maglumat ministrligi habar berdi.

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň 41-nji mejlisine Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň wekilleri, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we beýleki hormatly myhmanlar gatnaşdy. “Mejlisde Aktauň 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesine bellenmegine, türki dünýäsiniň umumy medeni mirasyny wagyz etmäge hem-de durnukly hyzmatdaşlygyň meselelerine bagyşlanan çäreleriň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy” diýlip ministrlikde habar berdiler.

Medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşi TÜRKSOÝ-yň ýakyn 2025-nji ýyl üçin alyp barýan iş meýilnamasyny tassyklady. Ýeri gelende belläp geçsek, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi, gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilipdi. /* custom css */ .td_uid_15_673c7ff5e3f84_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_673c7ff5e3f84_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň 41-nji mejlisi geçirildi
Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy
Türki dünýasiniň medeni paýtagty Anew bilen bagly jemleýji dabara we konsert geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görülýär
TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisi