Akşaý Kumar kinoçylary batyrýar

Akşaý Kumar kinoçylary batyrýar

Kyrk ýyl bäri Bolliwudda işläp gelýän Pooja Entertainment prodýuserlik kompaniýasy aktýor Akşaý Kumaryň şowsuz filmleri sebäpli batandygyny yglan etdi.Waşu Bhagnaniniň kompaniýasy çynlakaý maliýe kynçylyklaryna uçrap, özüniň bergidarlary bilen üzlüşmek üçin ýedi gatly kaşaň edara jaýyny satmaga, işgärleriniň sanyny azaltmaga mejbur boldy diýip, Bollywoodtime.ru ýazýar.

Bhagnani eýýäm işgärleriniň 80 göterimini işden boşatdy we edarasyny iki otagly öýe geçirmäge mejbur boldy.

Ählisi kino ýyldyzy Akşaý Kumaryň baş keşpde çykyş eden Klýoş (Bell Bottom) filminden başlandy, 2021-nji ýylda prokata çykan film şowsuzlyga uçrady. Soňra prodýuser Akşaý Kumar bilen Raniganj missiýasy (Mission Raniganj) we Taýger Şroff bilen Ganapath (Ganapath) filmlerini goýberdi, emma ýene ýitgi çekdi.

Prodýuser öz maliýe kynçylyklaryna göz ýumup, ýene-de Akşaý Kumar we Taýger Şroff bilen bilelikde Ýoldaşlar (Bade Miyan Chote Miyan) atly ekşn-filme ummasyz maýa goýdy. Netijede, kompaniýa ýene-de ýitgi çekdi diýlip, habarda aýdylýar.

Kino muşdaklary bu şowsuzlyklarda Akşaý Kumary günäkärleýärler. Olaryň biri şeýle ýazýar: Şu depginde Akşaý Mumbaýdaky ähli prodýuser öýlerini batyrar. Ol ummasyz hak alýar-da, bary-ýogy birnäçe hepdede filme surata düşüp tamamlaýar.

Pooja Entertainment şu güne çenli 40 töweregi film öndürdi, olaryň arasynda şowly filmler hem bar. Emma soňky 23 ýylda kompaniýa diňe ýitgi çekip gelýär.

Ýene degişli makalalar

Meşhur hindi aktýory Taýger Şroff özüniň türkmen kökleri barada gürrüň berdi
Kumyk Türkçesi
Ýaponiýada aşa ýagýan ýagyşlar sebäpli 360 müň adam howpsuz ýerlere göçüriler
Ykdysady forum geçirildi
Hindistanyň iň köp hak alýan aktýory belli edildi
Täze gaz geçiriji taslamasy türkmen gazynyň Hindistana barmagyna mümkinçilik döreder