Prezident Erdogan ýerli saýlaw boýunça çäreleriň çäginde Adalat we ösüş partiýasynyň Mersin welaýatyndaky mitinginde çykyş etdi.
“Ýylda 35 milliard kilowatsagat elektrik toguny öndürjek Akkuýu atom elektrik bekedimiziň gurluşygynyň dowam edýändigini” aýdan Erdogan; “Bekediň ähli reaktorlary 2028-nji ýyla çenli ulanmaga beriler” diýdi.
Türkiýäniň öz hâkimiýetlerinde taryhyň iň agyr synaglaryndan geçendigini beýan eden Erdogan; “Bu öwrülşik nokatlaryny üstünlik bilen geçip, yzgiderli häsýetde has uly maksatlara gönükdik. Goranyş senagatynda ýerlilik möçberini 20 göterimden 80 göterime çenli ýetirdik” diýdi.
Erdogan ýakyn gelejekde Türkiýäniň dünýäde has tapawutly sepgitlere ýetjekdigini beýan etdi.