2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina-Andhoý beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometra barabar bolan demir ýolunyň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň döwlet baştutanlary, hökümet agzalary, iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmendemirýollary agentliginiň başlygy A.Atamyradow we Owganystanyň Demir ýol ulaglary edarasynyň ýolbaşçysy Mohammad Ýamma Şams dabara gatnaşyjylara gurluşyk işleri barada aýdyp berdiler.
A.Atamyradow öz çykyşynda Türkmenistanyň demir ýol ulgamy bilen birikýän Akina-Andhoý demir ýol şahamçasynyň Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň bir bölegi bolup, Lazurit (Lapis-Lazuli) geçelgesiniň wajyp bir bölegine öwrüljekdigini belledi.
Ol bu taslamany amala aşyrmagyň üstünde yhlas bilen zähmet çeken türkmen we owgan demirýolçularynyň sazlaşykly işi hakynda gürrüň berdi.Döwlet baştutanymyzyň başlangyjy bilen döredilen bu we beýleki ugurlaryň, giň gerimli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etmek bilen birlikde hem Türkmenistanyň hem-de tutuş sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmäge itergi berýändigi hem bellenilip geçildi.
Açylyş dabarasynda çykyş edip, Owganystanyň Demir ýol ulaglary edarasynyň ýolbaşçysy Mohammad Ýamma Şams ulag ulgamynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejä eýe bolup durýandygyny nygtady. Ýamma Şams bu taslamany durmuşa geçirmekde beren kömegi üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.
Ol, täze iş ýerlerini döretmek we Owganystanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmek bilen, bu demir ýoluň netijeliliginiň geljekde hem ösjekdigi barada belledi. Şunlukda, Akina-Andhoý demir ýoly Owganystanyň ykdysady ösüşi, ýurtda kiçi we orta telekeçiligiň işjeňleşdirilmegi üçin täze mümkinçilikleri açar.
Şunlukda, Akina-Andhoý demir ýoly Owganystanyň ykdysady ösüşi, ýurtda kiçi we orta telekeçiligiň işjeňleşdirilmegi üçin täze mümkinçilikleri açar.
Bu demir ýol şahamçasynyň açylyşy Türkmenistanyň eksport önümleri bilen ýüklenen 20 wagondan ybarat bolan demir ýol düzümiň Akina bekedinden Andhoý şäherine tarap ugradylmagy bilen dabaralandyryldy.
Dabaranyň ahyrynda desganyň gurluşygynda yhlasly zähmet çeken türkmen we owgan demirýolçularyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.