Ozal habar berşimiz ýaly, 29-njy oktýabrda Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli esasy çäreler ýaýbaňlandyryldy. Dabaraly çäreleriň çäklerinde Ýylyň türkmen edermen alabaýy atly halkara bäsleşigiň netijeleri-de yglan edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, indi üçünji gezek geçirilen bu halkara bäsleşikde şu ýyl Ýylyň türkmen edermen alabaýy adyna Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine degişli Akhan atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Ony Türkmenistanyň at gazanan itşynasy, kapitan Begenç Bakeýew ösdürip ýetişdirdi hem-de bu bäsleşige taýýarlady. Bu edermen alabaýyň idedijisi bolsa Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň Harby bölüminiň esgeri Mergen Annamyradowdyr.
Eminler toparynyň başlygy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew toparyň çözgüdini yglan edensoň, halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — awtoulagyň açary, ýörite medal, göçme kubok we diplom gowşuryldy.