Akdaş kerpijiniň bahasy iki esse gymmatlady

Akdaş kerpijiniň bahasy iki esse gymmatlady

Döwlet telewideniýesi ýurduň sebitlerinde ulanylmaga berilýän täze ýaşaýyş jaýlaryny görkezip, ilatyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi bilen bagly problemalar saklanyp galýan mahaly, günbatar Türkmenistanda gurluşyk harytlary gymmatlaýar. Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesinde öndürilýän kerpiçleriň bahasy 130 göterim çemesi gymmatlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji iýunda sebitden maglumat berdi.

“Ozal bir sanysy 7 manat bolan kerpijiň bahasy iýunyň başynda 16 manada çykdy” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Sebitiň gurluşyk önümçilik kärhanalary bahalaryň ýokarlanmagyny ýerleriň kärende tölegleriniň hem-de sarp edilýän elektrik energiýasyna degişli tölegleriň, galyberse-de transport tölegleriniň gymmatlamagy bilen düşündirýärler.

“Döwlet elektrik energiýasynyň töleglerini hem-de ýer töleglerini iki esse çemesi ýokarlandyrdy. Bulardan başga-da, biz önümçilige zerur bolan çagyl daşlaryny Büzmeýinden ýörite ulaglarda we demir ýollary arkaly getirýäris. “Türkmendemirýollary” döwlet agentligi hem ýük daşamalarynyň töleglerini artdyrdy” diýip, Akdaş şäherçesindäki kerpiç zawodynyň bir hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, demir ýollary arkaly Büzmeýinden Balkana getirilýän ýüküň bir tonnasynyň tölegi üç esseden gowrak ýokarlanyp, 107 manatdan 334 manada çykypdyr. Kerpiç öndürijileri gurluşyk önümçiligine degişli harytlary bir welaýatdan beýleki welaýata gara ýollary arkaly daşamagyň has gymmada düşýändigini aýdýarlar.

“15 tonna ýük üçin agyr ýük ulaglaryna 6 müň manat töleg töleýäris” diýip, kerpiç zawodynyň hünärmeni aýdýar.

Şeýlelikde, demir ýollary arkaly ýük daşamalary, soňky bahalar bilen, gara ýollary arkaly ýük daşamalarynyň nyrhlary bilen tas deňleşip barýar. Gurluşyk önümçiligi kärhanalary bir tonna ýük üçin demir ýollary kärhanasyna 334 manat, gara ýollary arkaly ýük daşaýan ulaglara bolsa 400 manat töleg töleýärler.

Üstesine, Akdaşdaky kerpiç zawodynyň hünärmenleri işçileriň günortanlyk naharlaryna kärhana tarapyndan çykarylýan harajatlary we beýleki çykdajylary nazarda tutup, öz önümleriniň bahalaryny ýokarlandyrmaga mejbur bolandyklaryny aýdýarlar. Bu kärhanada 300 çemesi işçi zähmet çekýän ekeni.

Önümçilige degişli tölegleriň ýokarlanmagy, iň soňunda, zawodda öndürilýän kerpijiň bahasynyň ýokarlanmagyna getirýär, bu ýagdaý bolsa ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga çalyşýan hojalyklaryň çykdajylaryny artdyrýar we raýatlaryň öý edinmek mümkinçiliklerini çäklendirýär.

Kerpiç zawodynyň hünärmenleri täze bahalaryň yz ýany, müşderilerini ýitirýändiklerini, ýöne muňa garamazdan, öz önümleriniň bahalaryny öňküsinden gymmatlatmaga mejbur galýandyklaryny aýdýar.

“Biz kerpijiň bahasyny arzanlatsak, girdejilerimiz çykdajylarymyzy ýapyp bilmeýär" diýip, hünärmen aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy soňky wagtlarda sebitde täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň depgininiň ymykly pese gaçandygyny habar berýärler.

“Awazada hem gurluşyk tamamlandy, Akdaş şäherçesinde we Türkmenbaşy etrabynda hem täze ýaşaýyş jaýlaryny gurýan hojalyklar tas ýok diýen ýaly” diýip, bir gurluşyk hünärmeni aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň çäginde, şol sanda günbatar sebitde ilatyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi bilen bagly dowam edýän problemalar barada yzygiderli habar berip gelýär.

Türkmenistanda öý edinmekçi bolýan raýatlar jaý satyn alýarlar, ýa-da döwletden mellek ýerlerini alyp, özbaşdak jaý salýarlar. Ýerli ýaşaýjylar bu iki ýoluň ikisiniň-de agyrlaşandygyny aýdýarlar.

Ilatyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi bilen bagly problemalar dowam edýän mahaly, döwlet telewideniýesi sebitlerde gurlup ulanylmaga berilýän täze jaýlary görkezýär. Galyberse-de, ýurduň günorta welaýatynyň sebit merkezinde tarp ýerden täze şäher bina edildi. Ýöne ýurduň çäginde yzly-yzyna gurlup, ulanylmaga berilýän köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna, kottežlere we ýaşaýyş jaý toplumlaryna garamazdan, ilatyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi kanagatlanmaýar.

Gurluşyk harytlarynyň gymmatlamagy ilatyň özbaşdak jaý gurmak mümkinçiliklerini ep-esli çäklendirýär.

Ýerli ýaşaýjylar ýurduň çäginde açylýan gurluşyk önümçiligi kärhanalarynyň önümleriniň tapdyrmaýandygyny aýdýarlar.

“Türkmenistanda öndürilýän sement ýok, tapdyrmaýar. Eýranda öndürilen sementiň 50 kilogramynyň bahasy 70 manat. Milliardlarça dollarlyk maliýe serişdeleri sarp edilip gurlan zawodlar doly kuwwatynda işlemeýär. Balkan welaýatyndaky sement zawody hem işlemeýär. Türkmenistanda öndürilen armaturalar bäş ýyl bäri satuwda tapdyrmaýar. Owadandepäniň demir zawody hem netijeli işlemeýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Resmiler gurluşyk harytlarynyň gymmatlamagyny, gurluşyk önümçiligine degişli hyzmatlaryň bahalarynyň ýokarlandyrylmagyny we ilatyň ýaşaýyş üpjünçiligi bilen bagly problemalary teswirlemeýärler.

Azatlyk Radiosy gurluşyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatlamagy boýunça ýurduň ýokary derejeli gurluşyk resmilerinden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda gar ýagdy, käbir sebitlerde tok we gaz üpjünçiligi kesildi, ýol hadysalary köp boldy
Düýpli abatlaýyş işlerine mätäç turbalardan gaz syzýar, ilatly ýerlerde gazyň basyşy ymykly peselýär
Döwlet ýolbaşçylarynyň dynç alýan wagty Balkanda ilat üçin gadagançylyk köpeldi
Okuw esbaplary we mekdep lybaslary çagalara gymmada düşýär, mekdep okuwçylary zähmete mejbur bolýar
Balkanda aşa yssy howa şertlerinde içgeçme köpelýär
Ak gaýa başlangyç hem-de ahyrky gatlak suwag üçin şpatlýowkalary alyjylara ýetirýär