Akademik Enwer Rustamow: ylma bagyşlanan ömür

Türkmen zoologiýasynyň ajaýyp wekilleriniň biri, tanymal alym, jemgyýetçilik işgäri we halypa mugallym, akademik Enwer Keýuşewiç Rustamow diri gezip ýörenliginde 17-nji dekabrda onuň 100 ýaşy dolardy.

Şu sene mynasybetli Russiýanyň paýtagtynda we Almatyda Moskwanyň tebigaty synag ediji jemgyýetiniň, Gazagystanyň Guşlary goramak jemgyýetiniň we Demirgazyk Ýewraziýanyň ornitologlaryny birleşdirýän Menzbirow ornitologiýa jemgyýetiniň, şeýle hem ylym we bilim weteranlarynyň wekilleriniň duşuşyklary geçirildi.

M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinde geçirilen çärä professor N.N.Drozdow gatnaşdy. Şanly senä gabatlap, Menzbirow ornitotlogiýa jemgyýetiniň Işleriniň ýörüte neşiri (3-nji jilti), Gazagystanyň we Orta Aziýanyň Ornitologiýa habarlary (4-nji neşir) we akademik E.

K.Rustamowyň Türkmenistanyň haýwanat dünýäsi we ony goramak“ atly düýpli işi neşir edildi, alym baradaky habarlar Russiýanyň we beýleki ýurtlaryň ýörütleşdirilen neşirlerinde ýerleşdirildi.Aşgabatda däbe öwrülen Rustamow okaýyşlary“ geçirildi.

1946-njy ýylda ýaş doktorant Enwer Rustamow dogduk diýaryň tebigatynyň öwrenilmedik syrlaryny— Garagum çölüniň şol döwre çenli az öwrenilen haýwanat dünýäsini öwrenmäge girişýär.Köpýyllyk işiniň netijesinde doktorlyk dissertasiýasyny gorapdy we Garagum çölüniň guşlary“ atly monografiýasyny neşir edipdi. 1954-nji ýylda çapdan çykan iş ýaş professoryň we onuň okuwçylary: Ö.

Sopyýewiň, K.Ataýewiň, M.Amanowanyň, Ç.Ataýewiň, S. Şammakowyň we beýlekileriň, şeýle hem Türkmenistandaky we daşary ýurtlardaky çöl öwrenijileriň geljekki işleriniň ugruny kesgitläpdi. Şol wagt ýaş ylymlar doktory, professor ýaňy 32 ýaşyndady.

Onuň üstünligi göze ildi. Литературная газета: Iň görnükli hünärmenleriň biragyzdan aýdan pikirine görä, E.Rustamowyň doktorlyk dissertasiýasy diňe bir Garagum çölüniň däl, eýsem beýleki sebitleriň çölleriniň hem guşlary baradaky bilimlerimiziň juda kemter gaýdýan ýetmezlikleriniň üstüni ýetirýär“-diýip ýazypdy.

M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň şol wagtky professory G.P.Dementýew bilen kärdeş aragatnaşygy we dostlugy onuň ylmy zehininiň açylmagyna ýardam etdi.Türkmen alymynyň gyzyklanýan ugurlary örän giňdi: ol gerpentologiýanyň, ekologiýanyň, zoogeografiýanyň, ýokary bilimiň ylmy-usulýet we ýokary okuw mekdep ylmyny guramak meseleleri boýunça işler alyp barýardy. Şeýle bolsa-da, zoologiýanyň ornitologiýa bölümi onuň esasy we halaýan ugrydy.

E.Rustamow diňe ornitologiýa bilen gyzyklanmaýardy, çöllük tebigy landşaftlary goramagyň, diri organizmleriň gurak howa şertlerine uýgunlaşmagynyň, Merkezi Aziýanyň haýwanat dünýäsini rejeli peýdalanmagyň meseleleri we başga-da ençeme meseleler onuň üns merkezindedi.

Bu alym diňe bir meýdan şertlerinde alnan maglumatlary beýan etmän, eýsem özboluşly ylmy netijeler bolan ýüzlerçe ylmy makalalaryň awtorydy, olaryň arasynda monografiýalar, okuw kitaplary, kitapçalar, makalalar we tezisler bar.

Mysal üçin, ol haýwanlaryň ekologiýasynda durmuş görnüşi“ düşünjesine öz pikirini teklip edipdi.Medeni landiaft“ we antropogen täsire düşen haýwanlaryň ýaşaýşynyň meselelerini öwrenipdi.Alymyň GDA ýurtlaryndan ilkinjileriň biri bolup, bu meseläni gözmegiň ýollaryny agtarandygyny ynamly aýtsa bolar.

Antropogen landşaft“ düşünjesi, olary toparlara bölmek, ylym hökmünde antropogen zoogeografiýanyň meseleleri—şular görnükli alymyň netijeli işlän meseleleridi.Merkezi Aziýanyň, Kawkazyň, Eýranyň we Owganystanyň süýrenjileriniň zoogeografik aragatnaşyklaryna, Türkmenistanyň we Palearktikanyň çölleriniň guşlaryny we oňurgaly jandarlaryny toplumlaýyn goramak meselelerine garanda, ol özboluşly üýtgeşik netijeler çykarypdy.

E.K.Rustamowyň çap edilen işleriniň arasynda Türkmenistanyň guşlary“ (1958 ý) atly monografiýasyny aýratyn bellemek gerek, onda şol döwür üçin täze maglumatlaryň ençemesi bardy.Onda alym özüni haýwanat dünýäsini öwreniji, sistemalaşdyryjy, ekolog we zoogeograf hökmünde tanadypdy.

Soňky onýyllyklarda ol öz ylmy işinde tebigaty goramak meselelerine aýratyn uly üns beripdi. Enwer Rustamow Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetini döredipdi we oňa ençeme ýyllap ýobaşçylyk edipdi, milli Gyzyl kitaby döretmegiň zerurlygyna ilkinji bolup seslenipdi. Onuň halkara ylym jemgyýetindäki uly abraýy netijesinde 1978-nji ýylda Aşgabatda Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 14-nji mejlisi geçirlipdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda alymyň öňe süren pikirleri Türkmenistanyň bioligik köpdürliligi saklap galmak boýunça Strategiýasynda we hereketler meýilnamasynda hem-de daşky gurşawy goramak boýunça hereketleriň Milli meýilnamasynda (2002 ý), Türkmenistanyň Esasy ornitologiýa ýerler boýunça Maksatnamasynda (2009 ý), Türkmenistanyň Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda“ Kanunynda öz beýanyny tapdy.

Enwer Rustamowyň ömri we işi özboluşly tebigy ýerleriň biri bolan Türkmenistan bilen baglanşyklydy.Ol A.M.Gorkiý adyndaky mugallymçylyk institutynyň (häzirki Magtymguly adyndaky TDU-nyň) tebigy ylymlat fakultetini tapawutlanan diplom bilen tamamlapdy.

Professor Mihail Laptewiň ýolbaşçylgyndaky zoologiýa kafedrasynyň talyplar gurnagyndaky ylmy ýagdaý onda ylma höwes döretdi.Frontda ýaralanyp, iline dolanandan soň ol kandidatlyk dissertasiýasyny ýazdy we ony 1943-nji ýylda gorady.

Alym uruşdan soňky ýyllarda Türkmen oba hojalyk institutynyň (häzirki TOHU-nyň) zoologiýa we tebigaty goramak kafedrasyna, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Zoologiýa institutynyň biologik köpdürlilik laboratoriýasyna ýolbaşçylyk edipdi.

Enwer Keýuşewiç ylmy işini köpugurly jemgyýetçilik we mugallymçylyk işleri bilen utgaşdyrýardy, Türkmenistanda oba hojalyk ýokary okuw biliminiň guramaçylarynyň biri bolup, oňa ýarym asyr ömrüni bagş edipdi.

Magaryfçylyk we ylmy işleri üçin E.K.Rustamow At gazanan ylym işgäri“ diýen hormatly ada mynasyp bolupdy, TYA-nyň akademikligine saýlanypdy, döwlet sylaglarynyň ençemsi bilen sylaglanylypdy. Türkmen alymynyň hatyrasyna Beýik Britaniýanyň guşlary goramagyň Patyşa jemgyýti (RSPB) tarapyndan Enwer Rustamow adyndaky ýaşlar baýragy döredilip, bu baýrak Merkezi Aziýanyň guşlaryny öwrenmek we goramak babatda bitirilen işler üçin berilýär.

Ýene degişli makalalar

Türki Dünýäniň Konwensiýasy Kabul Edildi
Menzbir ornitologik jemgyýetiniň Orta Aziýa bölüminiň mejlisi geçirildi
Owganystanda metjide guralan hüjümiň jogapkärçiligini DAIŞ öz üstüne aldy
Jeditçilik hereketiniň türkmen topragyndaky öwüşginleri
Daşary ýurt metbugatyna syn
Taliban Harby Merkeze Hüjüm Gurady