Aşgabatdaky Bagt köşgi toý dabaralarynyň merkezinde ýerleşýän giň we rahat dabaralar zaly Ak Ýol Türkmenistanyň ýaş çatynjalaryny ýaz we tomus aýlary üçin restorany bronlamaga çagyrýar.
Ak Ýol restoranynyň tejribeli topary toý tagamnamasyny saýlar, zerur yşyklandyryş we ses enjamlary bilen üpjün eder, ünsli we güler ýüzli ofisantlar bolsa myhmanlara ýakymly agşamdan lezzet almaga kömek ederler.
Mundan başga-da, restoranda ýörite çagalar meýdançasy döredilendir we bu ýere animatorlary çagyrmak mümkindir.
Ak Ýoluň iş dolandyryjysynyň bellemegine görä, restoranyň esasy maksady diňe bir müşderilerine tagamly naharlary hödürlemek we ýatdan çykmajak dynç alyş gurşawyny döretmek däl, eýsem, her bir müşderä aýratyn çemeleşmekden ybaratdyr. Mysal üçin, ýaş çatynjalar myhmanhanada lýuks otagy we üsti açyk Linkoln awtoulagy mugt berilýär.
Şeýle hem, toý dabaralaryny geçirmek üçin 3 ýyllyk töleg meýilnamasyny resmileşdirmek mümkindir.
Ýatlatsak, Ak Ýol dabaralar zaly 1000 adama çenli kabul edip bilýär we Bagtyýarlyk köçesiniň 15-nji jaýynda Bagt köşgüniň birinji gatynda ýerleşýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Şeýle-de okaň: