Ak Ýol dabaralar zaly sadakalary guramak boýunça hyzmatlaryny hödürleýär

Ak Ýol dabaralar zaly sadakalary guramak boýunça hyzmatlaryny hödürleýär

Aşgabatdaky Ak Ýol dabaralar zaly sadakalary ýokary derejede guramak boýunça hyzmatlaryny hödürleýär. Restoran müň adama çenli myhmanlaryň gatnaşmagynda geçirilýän dabaralara hyzmat etmek üçin niýetlenendir.

Türkmenistanyň aşpezlik däplerini göz öňünde tutup, Ak Ýol dürli naharlary, şol sanda dograma, ýarma, palaw we çekderme ýaly milli tagamlary hem öz içine alýan menýularyň birnäçe görnüşini döretdi. Şeýle hem işdäaçarlaryň we çörek önümleriniň köp sanly görnüşleri hödürlenýär, bu bolsa müşderileriň isleglerine we talaplaryna laýyk gelýän menýuny döretmäge mümkinçilik berýär.

Sadakany restoranyň giň zalynda hem, ýörite enjamlaşdyrylan çadyrlarda hem guramak mümkindir. Çadyrlar sadakany talabalaýyk geçirmek üçin ähli zerurlyklar bilen üpjün edilendir: yşyklandyryş, ýyladyş/howa çalşygy, mebel we ş.m.

Sadak we beýleki dabaralary guramak barada has anyk maglumatlary şu salgyda alyp bilersiňiz: Aşgabat, Bagtyýarlyk köç., 15-nji jaý, Aşgabat şäher häkimliginiň Bagt köşgi toý dabaralary merkezi. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky Ak Ýol dabaralar zaly sadaka bermek üçin çadyrlary kärendesine hödürleýär
Dejavu restorany çagalar üçin Täze ýyl balyna çagyrýar
Dejavu restorany baýramçylygy lezzetli tagamlar bilen bellemäge çagyrýar
Katmer: Aşgabada eltip bermek hyzmaty bilen köpdürli türk süýjülikleri
Soltan restoranlary mangalda etden taýýarlanýan tagamlaryň köp görnüşlerini hödürleýär
Aşgabatdaky fransuz aşhanasynyň restorany Dejavu eýwanynyň açylyşyna çagyrýar