ABŞ-da Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Karin Žan-Pýer Ak Tamda geçiren metbugat ýygnagynda žurnalistleriň biriniň "Prigožiniň uçarynyň ýere gaçmagy bilen baglanşykly täze maglumatlar barmy?" görnüşindäki soragyna "Bu meselede täze bir maglumat ýok" diýip jogap berdi.
Karin Žan-Pýer: "Prigožiniň geçen hepdäniň çarşenbe güni 23-nji awgustda başdan geçirilen uçar heläkçiliginde ölendigine has köp ynanmaga başladyk" diýip belledi.
Rosawiatsiýa edarasyndan 23-nji awgustda berilen beýanatda, düzüminde Prigožin hem bolan hususy uçaryň Twerde ýere gaçmagy netijesinde 10 adamyň ýogalandygy habar berilipdi.
Beýanata görä uçarda Prigožinden başga şeýle hem Wagneriň esaslandyryjylaryndan Dmitriý Utkin, Sergeý Propustin, Ýewgeniý Makarýan, Aleksandr Totmin, Waleriý Çekalow, Nikolaý Matuseýew hem bardy.
Russiýanyň Derňew komiteti 27-nji awgustda beren beýanatynda, Twer sebitinde hususy uçaryň ýere gaçmagy netijesinde ýogalanlaryň arasynda Wagneriň esaslandyryjysy Ýewgeniý Prigožiniň hem bardygyny tassyklapdy.