Ak şäherim Aşgabat atly köpugurly sergi geçirildi

Paýtagtymyzda Ak şäherim Aşgabat atly XVIII köpugurly halkara sergi geçirildi.Ol şähergurluşygy babatda ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem bu ugurda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny görkezdi.

Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp, her ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän sergi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabat şäheriniň keşbinde öz beýanyny tapan özgertmeleriň gerimini aýdyň şöhlelendirýär.

Ony dünýäniň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri diýip tötänden atlandyrmaýarlar.Sergide görkezilen taslamalaryň ençemesi paýtagtymyzy bezeýän ajaýyp binalarda we binagärlik toplumlarynda öz beýanyny tapdy. Özboluşlylygy we gerimi bilen tapawutlanýan bu binalar Aşgabadyň ýüzüniň tuwagyna öwrülip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ýurdumyzda durnukly ykdysady we syýasy ýagdaý, kanunçylyk kepillendirmeleri we döwlet tarapyndan berilýän goldaw daşary ýurtly maýadarlar üçin Türkmenistanyň özüne çekijiliginiň esasy ýagdaýlary bolup durýar. Ýakyn döwür üçin maýa goýumlaryny höweslendirmegiň toplumlaýyn çäreleri işlenip taýýarlananda eksport kuwwatyny artdyrmak we senagatlaşdyrmak, tehnologik işleri, durmuş ugurly bazar ykdysadyýetini ösdürmek hem-de ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak arkaly ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyny çaltlandyrmak ýaly esasy ýörelgeler nazara alyndy. Şu gezekki gözden geçirilişe ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň 100-e golaýy gatnaşdy.

Foruma şeýle uly gyzyklanma bildirilmegi düşnüklidir.Aşgabat sebitde iri işewürlik we medeni hem-de halkara hyzmatdaşlygy boýunça ykrar edilen merkeze öwrülip, ähli işleri adamyň bähbidine gönükdirip, sazlaşykly ösýän döwrebap şäheriň täsin galdyrýan nusgasy hasaplanylýar.

Bu ýerde gözellik we oňaýlylyk, binagärlik boýunça öňdebaryjy gazanylanlar hem-de täze işläp taýýarlamalar, inženerçilik-tehniki oý-pikirler we milli binagärligiň gadymy ýörelgeleri sazlaşykly utgaşdyrylýar.Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki döwürde gurulýan ähli desgalara bildirýän üýtgewsiz talaby bolup durýar.

Sergini guraýjylar — Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy dürli ugurlarda gurluşykdan we binagärlikden başlap, elektroenergetika, gaýtadan işleýän hem-de ýeňil senagat, dizaýn we şäheriň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, medeniýet, syýahatçylyk hem-de sport ulgamlaryny ösdürmäge çenli dürli ugurlary hödürleýär.

Bu ulgamlaryň ösüşi şu ýerde görkezilen wideoroliklerde, maketlerde, neşir önümlerinde — dürli reňkli bukletlerde, kitapçalarda, žurnallarda öz beýanyny tapdy.Söwda-senagat edarasynyň sergi meýdançalarynda baýramçylyk ýagdaýy äşgär duýulýar, aýdym-saz ýaňlanyp, ýaşlar halk tanslaryny ýerine ýetirýärler, milli lybasly gyzlar bu ýere gelýänlere, däp bolşy ýaly, dürli tagamlary hödürleýärler.

Forumyň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, daşary döwletleriň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, habar beriş serişdeleriň ýolbaşçylary, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlag hatynda belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheri halkara derejedäki syýasy we işewürlik merkezine öwrülýär, paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm orna eýe bolýar.

Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ýurduň dolandyryş, senagat, bilim, medeniýet merkezi hökmünde ösmegini dowam etdirip, ýetilýän belent sepgitleriň gerimini has-da giňeltjekdigine berk ynam bildirdi. Şu gezek geçirilýän sergi Türkmenistanyň şähergurluşyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň tapgyrlaryny hem-de dürli pudaklaryň ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, adamlaryň önjeýli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna goşýan goşandyny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň milli taslamalary amala aşyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşandyny şöhlelendirýär.

Sergi merkeziniň zallarynda we meýdançalarynda pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň, ýurdumyzyň telekeçileriniň hem-de Aşgabatda işleýän, şeýle hem ak mermerli paýtagtymyzyň has-da gözel bolmagyny ugur edinýän, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan şähergurluşyk maksatnamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmaga isleg bildirýän daşary ýurtly işewür toparlaryň dürli bölümleri ýerleşdirildi.

Serginiň mazmuny hem-de aýdyň maglumatlylygy, ilkinji nobatda, häzir Türkmenistanda ileri tutulýan hyzmatdaşlygy ugur edinýär. Şolaryň biri — gurluşyk pudagy türkmen ykdysadyýetiniň geljegi uly hem-de batly gadamlar bilen ösýän, maýadarlarda we potratçylarda uly gyzyklanma döredýän ugur bolup durýar. Ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlary — Bouygues Turkmen, NATA, Gap Inşaat, Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi we Tijaret, Altkom ýol gurluşygy, Interbudmontaž gurluşyk assosiasiýasy guruljak desgalaryň nusgalaryny, şol sanda suw üpjünçilik we yşyklandyryş, ýollaryň gurluşygy, işjeň dynç alyş ulgamy ýaly ugurlary hasaba almak bilen, innowasion işläp düzmeleri we tehnologiýalary görkezdiler. Önüm öndürijileriň ençemesi energiýany tygşytlamagyň, awtomatlaşdyrylan we kompýuter ulgamlaryny ornaşdyrmagyň hasabyna şäheriň inžener-kommunikasiýa ulgamlarynyň işiniň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalara üns berdiler.

Ykjam gurluşlaryň konsepsiýalarynyň derwaýyslygy hem ýokarlanýar, bu hem sergide öz beýanyny tapdy.Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň: senagat we kommunikasiýa, gurluşyk we binagärlik, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Türkmenawtoulaglary, Türkmendemirýollary, Türkmenhowaýollary, Türkmendeňizderýaýollary, Türkmenaragatnaşyk agentlikleriniň, obasenagat toplumynyň, jemagat hojalygynyň, bilim ulgamynyň diwarlyklary sergä gelenlerde gyzyklanma döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag-logistika syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda iri halkara hem-de sebit derejeli deňiz, awtoulag, demir ýol we howa ýollaryna çykýan howa we ýerüsti ýollary utgaşdyrýan gatnawlaryň birleşdirilen ulgamy üstünlikli döredilýär.

Ministrlikleriň we olaryň garamagyndaky ulag ulgamy kärhanalarynyň diwarlyklary bu barada giňişleýin gürrüň berýär.Dokma senagaty ministrligi halk hojalygynyň esasy eksport ugurly pudaklarynyň biriniň önümlerini görkezdi.Nah hem-de ýüpek matalaryň, tikin we örme önümleriniň dürli görnüşlerini olaryň ýokary hili hem-de ajaýyp bezelişi, milli öwüşgini tapawutlandyrýar.

Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenhaly önümçilik birleşiginiň, şeýle hem halyçylyk bilen meşgullanýan telekeçileriň we halk senetçileriniň haly önümleri hem-de el işleri sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi.Sergide obasenagat toplumynyň hem-de söwda ulgamynyň diwarlyklary aýratyn orun eýeläp, olardan ýokary hilli azyk önümleriniň, ösümlik ýaglarynyň, ary balynyň we beýleki önümleriň dürli görnüşleri bilen tanyşdyryldy. Ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygynyň beýany milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda başyny başlan hem-de adamlaryň abadançylygyny üpjün etmäge, saglygyny goramaga gönükdirilen ykdysady özgertmeleriň mazmunyny açyp görkezýär. Şol önümleriň gaplanyp, halkara ölçegleriň ekologiýa we bezeg talaplaryna laýyklykda bezelendigini bellemek gerek.

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň sergi meýdançasy häzir paýtagtymyzyň seýilgählerini hem-de tutuş ýurdumyzyň tebigy ýerlerini bezeýän dürli güller hem-de agaç nahallary bilen haýran galdyrýar. Şeýle hem bu ýerde agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmek, seýilgäh germewlerini, timarlaýyş serişdelerini, bezeg abzallary, mebelleri we olaryň enjamlaryny, aşhana esbaplaryny, durmuşda ulanylýan aýna gaplaryny öndürmek bilen meşgullanýan firmalaryň harytlaryny görmek bolýar.

Ak şäherim Aşgabat sergisiniň mazmuny onuň köpugurlylygynda jemlenýär, çünki iri döwrebap şäher çylşyrymly beden bolup, onda amatly durmuş gurşawyny döretmek üçin ençeme pudaklarda tagallalary birleşdirmek zerur bolup durýar.Bu barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda paýtagtymyzyň häkimliginde geçiren maslahatynyň barşynda hem belledi.

Bilim ministrliginiň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň diwarlyklarynda barlaghanalar üçin täze enjamlar, şeýle hem halkara olimpiadalaryň ýeňijileriniň medallary we diplomlary görkezilýär.Bu ýerde ýokary okuw mekdepleriniň berýän hünärleri hem-de okatmagyň döwrebap usuly barada anyk maglumatlary almak bolýar.

Häzir biziň talyplarymyzyň gyzykly taslamalaryň we ylmy işleriň awtorlary bolup durýandygyny bellemek gerek.Bu ýerde görkezilen dürli binagärlik desgalarynyň nusgalary, täze kompýuter programmalary, zehinli türkmen ýaşlarynyň taýýarlan robot tehnikalary we ylmy abzallary muňa mysal bolup durýar.

Sergi Türkmenistanyň we onuň sebitleriniň özboluşly syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, syýahatlar ulgamyndaky meýiller barada täze habarlary almaga, dynç almagyň dürli görnüşlerini, şeýle hem medeni-aň hem-de ülkäni öwreniş işlerini guramaga kömek edýär.

Sport ulgamy hem ünssüz galmady.Diwarlyklarda türkmen türgenleriniň dürli halkara ýaryşlarda, şol sanda dünýä we Aziýa çempionatlarynda gazanan altyn, kümüş we bürünç medallarynyň ýüzlerçesi görkezildi.Gyzykly pursatlary, türgenlerimiziň maksada okgunlylygyny, ýeňşe bolan erk-islegini we sport ruhuny şekillendiren fotosuratçylaryň işleri hem gyzyklanma döretdi.

Hususy işewürligiň wekilleri halk hojalyk toplumynyň dürli önümçilik ulgamlarynda eýeleýän ornuny ýylsaýyn giňeldip, döwletimiziň durnukly ösmegine yzygiderli goşantlaryny goşýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.Milli ykdysadyýetimizde bäsdeşlige ukyply hyzmatdaş hökmünde berkarar bolýan, ýurdumyzyň telekeçileri sergide işiň dürli ugurlaryny görkezdi. Ýurdumyzyň gurluşyk düzümleriniň hatarynda Ussat inžener, Ajaýyp bina, Nusaý ýollary, Beýik bina, Täze jaý, Rysgally zähmet, Altyn ýaly birnäçe kärhanalar bar.

Serginiň aýratyn bölümi döwrebap şäheriň ösüşiniň aýrylmaz bölegi hasaplanýan ýokary tehnologiýalara bagyşlandy.Häzir innowasiýalar we nou-haular paýtagtymyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda — inžener-tehniki we hojalyk desgalaryndan başlap, durmuş-ykdysady, bilim hem-de medeni ulgamlaryna çenli ähli ugurlarda işjeň ulanylýar. Şu günki sergi eýýäm ýakyn wagtda Türkmenistanda ornaşdyrylyp bilinjek täze, özüne çekiji tehnologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biz gurluşyk senagatyna uly möçberde maýa goýumlaryny goýmak bilen, ýurdumyzyň geljegini gurýarys, ony has-da ösdürmek üçin ygtybarly esas döredýäris.Açyk sergi meýdançalarynda BMW we Hyundai ýaly öňdebaryjy önüm öndürijileriň awtoulag tehnikalary ýerleşdirildi, gurluşyk enjamlary, halkyň sarp edýän önümleri we harytlary görkezildi.

Aşgabadyň şunuň ýaly her bir sergini täze keşbe eýe bolup, täze sepgitlere tarap nobatdaky ädimi ätmek bilen garşylaýandygy bellärliklidir.Bu gadamlaryň depgini artyp, paýtagtymyzda amala aşyrylýan taslamalaryň gerimi ýylsaýyn giňeýär.

Serginiň işewür maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurtly işewür toparlaryň wekilleri ol ýa-da beýleki pudak hakynda jikme-jik maglumatlary almak, hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, özara gatnaşyklaryň täze görnüşleri babatda pikir alyşmak mümkinçiligine eýe boldular.

Halkara maslahata gatnaşyjylar Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guralan çäreleriň hem myhmanlary boldular.Serginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň täze sepgitleri we gazananlary, Aşgabadyň senagat, medeni we ylym-bilim kuwwaty, onuň ägirt uly durmuş-ykdysady serişdeleri we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin giň gerimli sergini ýokary derejede guramaga berlen goldaw we ýardam üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

23.12.2018 | Pudaklaýyn forumlar — 2018: Türkmenistanyň şähergurluşyk maksatnamasynyň gerimi — halkyň bähbidine
Pudaklaýyn forumlar — 2018: Türkmenistanyň şähergurluşyk maksatnamasynyň gerimi — halkyň bähbidine
25.05.2019 | Ak şäherim Aşgabat atly köpugurly sergi geçirildi
10.02.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Aşgabat nurana geljege alyp barýan ýollarymyza şugla saçýan şamçyragdyr