Ak şäherim Aşgabat atly köpugurly halkara sergi

Şu gün paýtagtymyzda Ak şäherim Aşgabat atly XIX köpugurly halkara sergisi geçirildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän sergi şähergurluşygy, şäher düzümini kemala getirmek babatda gazanylan üstünlikleri, toplanan tejribäni we mümkinçilikleri açyp görkezdi.

Sergini guraýjylar — Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy paýtagtymyzyň durmuş we ykdysady toplumyny birleşdirip, oňa ykdysadyýetiň hem-de maliýe-bank ulgamynyň, bilim we medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk edaralarynyň, hususy telekeçiligiň kärhanalaryny girizdiler. Şu ýyl sergä gatnaşyjylaryň 70-den gowragy, şol sanda firmalaryň we kompaniýalaryň, hususy telekeçiligiň wekilleri öz öndürýän önümleriniň hilini we köpdürlüligini görkezdiler.

Serginiň Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany diýlip yglan edilen ýylda — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň belleniljek ýylynda geçirilmeginiň çuňňur manysy bar.Ak mermerli Aşgabat dünýäniň owadan şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilip, onuň keşbi binagärlik baýlygy hem-de milli öwüşgini bilen aklyňy haýran edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli amala aşyrýan, ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagy hem-de ösdürmegi, öňdebaryjy usullaryň we netijeli tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýan içeri maýa goýum syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň senagat kuwwaty berkidilip, degişli durmuş, ulag-kommunikasiýa we inženerçilik düzümi döredildi. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de nou-haularyň esasynda işleýän, geljekde bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini artdyrjak köp pudakly senagaty kemala getirmek işi dowam edýär.

Serginiň giň zallarynda baýramçylyk ýagdaýy äşgär duýulýar, aýdym-sazlar ýaňlanyp, milli lybasly gyzlar bu ýere gelýänlere, däp bolşy ýaly, dürli tagamlary hödürleýärler. Örän uly monitorlar, döwrebap wideotehnikalary, yşyklandyrylan bannerler we pannolar ýerleşdirilen diwarlyklarda häzirki zaman türkmen megapolisiniň durmuşynyň dürli ugurlary şöhlelendirilýär.

Forumyň açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, milli parlamentiň ýolbaşçylary we deputatlary, dürli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen telekeçileri we daşary ýurtly işewürler, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu waka mynasybetli Gutlag hatynda köpugurly serginiň şäher gurluşygy babatda gazanylan üstünlikleri dünýä äşgär etmäge, halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna, uly ösüşleriň gazanylmagyna ýardam etjekdigine, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleriň giňden öwrenilip, paýtagtymyzyň has-da gözelleşmegine, dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwrülmegine uly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şu gezek geçirilýän sergi Türkmenistanyň şähergurluşyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini hem-de dürli pudaklaryň ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, adamlaryň önjeýli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna goşýan goşandyny görkezýär.

Sergide ýaýbaňlandyrylan işleriň gerimine göz ýetirmek üçin dolandyryş we edara binalarynyň, söwda hem-de dynç alyş merkezleriniň, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň köp sanly maketleri we çyzgylary ýerleşdirildi.Bu ýerde görkezilen innowasion taslamalaryň agramly bölegi Watanymyzyň şäherlerini mundan beýläk-de oýlanyşykly, netijeli hem-de gözel görnüşde ösdürmäge täze çemeleşmeleri beýan edýär.

Zehinli binagärleriň özboluşly pikirleri olaryň döredijilik işlerinde öz beýanyny tapýar.Bu ýerde döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri, kompýuter hem-de kommunikasiýa mümkinçilikleri, azyk senagatynda, ekologiýa meselelerini çözmekde, sporty we syýahatçylygy ösdürmekde, ylmy, medeni kuwwaty giňeltmekde gazanylan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşmak bolýar. Şol ugurlar uly şäheriň keşbini emele getirýän düzümler bolup durýar.

Energetika we senagat, nebit we gaz, nebithimiýa, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, dokma senagaty hem-de halyçylyk, himiýa pudagy, oba we suw hojalygy, obasenagat toplumy, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk, neşirýat, tebigaty goramak we bag ekmek — bularyň ösüş depgini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan pudaklaýyn maksatnamalara laýyklykda wideoroliklerde, nepis taýýarlanan maketlerde, metbugat neşirlerinde — dürli reňkli bukletlerde, broşýuralarda, žurnallarda öz beýanyny tapdy.

Türkmengaz, Türkmenhimiýa döwlet konsernleriniň, Energetika ministrliginiň diwarlyklarynda halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň ösüş depgini aýdyň görkezilýär.Olar batly depginler bilen ösýän düzümlerdir, nebitiň hem-de gazyň özleşdirilen we häzir işlenip taýýarlanylýan ýataklarynyň gerimidir, mawy ýangyjyň hereket edýän eksport ugurlary meýilleşdirilen ugurlardyr, gazylyp alynýan beýleki peýdaly magdanlaryň we minerallaryň ýerasty känleridir, ýurdumyzyň tutuş çäginden çekilen elektrik geçiriji ulgamlardyr.

Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda gurluşyk senagaty hem-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi bolup, şol ugurlarda dürli maksatly desgalary gurmak boýunça iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar.Bu ugurda gazanylan üstünlikler örtüji daşlary, sement, kerpiç, diwar bloklaryny, magdan däl gurluşyk serişdelerini, turba önümlerini, armatura, timarlaýyş, lak-boýag, örtük serişdeleri, santehnika we elektrotehnika önümlerini öndürýän iri kärhanalaryň diwarlyklarynda görkezilýär.

Sergide öz diwarlyklaryny ulag we aragatnaşyk toplumynyň edaralary hem ýaýbaňlandyryp, olaryň garamagynda paýtagtymyzy dünýäniň dürli ýurtlary bilen birleşdirýän halkara ulag ýollary durýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag ulgamynda öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, şol ugurlary ösdürmegiň meýilnamalary barada Türkmenawtoulaglary, Türkmendemirýollary, Türkmenhowaýollary, Türkmenaragatnaşyk agentlikleriniň diwarlyklary gürrüň berýär. Şeýle hem sergide logistika ugurly we ulag toplumynyň kompaniýalary öz üstünlikleri bilen tanyşdyrýarlar, olaryň alyp barýan işleri giň gerimli halkara taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Obasenagat toplumynyň sergi bölümlerinde çörek, un, pagta önümleriniň, oba hojalyk meýdanlarynda hem-de ýyladyşhana hojalyklarynda ösdürilip ýetişdirilen gök önümleriň we miweleriň dürli görnüşleri ýerleşdirildi.Milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde obasenagat toplumyny esasy ugurlaryň hatarynda kesgitlendi.

Bu ýerde telekeçiler Akdaş miwe içgileri, şol sanda Eçil, Joş ýaly miwe suwlaryny we beýlekileri, Bereketli, Özgeriş, Elin hem-de Salkyn hususy kärhanalarynyň öndürýän şöhlat, süýt we peýnir önümlerini görkezdiler.

Sarp edijileriň arasynda öz süýji tagamlary bilen meşhur bolan Hasar süýji-köke önümleri hem bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Ýurdumyzyň bazarlaryndaky azyk bolçulygynyň bu ýagdaýy degişli ugurda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de adamlaryň abadançylygyny üpjün etmäge we saglygyny goramaga gönükdirilen ykdysady özgertmeleriň mazmunyny açyp görkezýär. Ýeri gelende aýtsak, şol önümleriň hemmesi kabul edilen halkara ölçegleriniň ekologiýa we bezeg talaplaryna laýyklykda owadan gaplara gaplanypdyr.

Halk hojalyk toplumynyň dürli önümçilik ulgamlarynda mäkäm orny eýeleýän, hususy işewürligiň wekilleri döwletimiziň durnukly ösmegine saldamly goşant goşýarlar. Ýurdumyzyň telekeçileri hem-de haryt öndürijileri dürli ugurlarda — oba hojalyk we azyk senagaty, dokma hem-de mebel önümçiligi, neşirýat işlerinden başlap, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de senagat kärhanalarynyň gurluşygyna çenli dürli ugurlarda ýöriteleşdirilendir.

Sergide meşhur Çigildem, Aýbölek, Ak bulut, Çaly, Rysgally zähmet, Ussat inžener we beýlekiler öz önümleri hem-de hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar.Hususy pudak daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmekde hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, bäsdeşlige ukyply önümçilikleri ösdürmekde ähmiýetli orun eýeleýär.

Kiçi we orta telekeçilik innowasiýa ykdysadyýetini kemala getirmegiň aýrylmaz bölegidir.Döwletimiz telekeçiligi ösdürmek üçin zerur bolan ähli şertleri we mümkinçilikleri döredýär.Hormatly Prezidentimiz şeýle goldawyň geljekde hem dowam etdiriljekdigini belleýär.

Dokma senagaty ministrligi halk hojalygynyň esasy eksport ugurly pudaklarynyň biriniň önümlerini görkezdi.Nah hem-de ýüpek matalaryň, tikin we örme önümleriniň dürli görnüşlerini şolaryň ýokary hili hem-de ajaýyp bezelişi, milli öwüşgini tapawutlandyrýar. Şeýle hem serginiň çäklerinde owadan nagyşly halylar, dürli reňklere beslenen zergärçilik önümleri, elde dokalan ýüpek önümleri, dürli görnüşdäki keramika önümleri, çeper bezelen sowgatlyklar görkezildi.

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň sergi meýdançasy paýtagtymyzyň seýilgählerini bezeýän dürli güller we bag nahallary bilen haýran galdyrýar. Şeýle hem bu ýerde dolandyryş we ýaşaýyş binalarynyň taslamalaryny görmek bolýar.Serginiň aýratyn bölümi döwrebap şäheriň ösüşiniň aýrylmaz bölegi hökmünde ýokary tehnologiýalara bagyşlandy.

Häzir innowasiýalar we nou-haular paýtagtymyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda — inženerçilik-tehniki we hojalyk desgalaryndan başlap, durmuş-ykdysady, bilim hem-de medeni ulgamlaryna işjeň ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda döwrebap neşirýat we çaphana işleri bilen tanyşdyrýan Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň diwarlygy hem bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi.

Bu ulgamda milli nusgawy şahyrlaryň, çagalar çeper edebiýatynyň, şol sanda terjime eserleriniň neşir edilmegine möhüm ähmiýet berilýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda, şeýle hem dünýäniň dürli dillerine terjime edilmegi bilen daşary döwletlerde giň meşhurlyga eýe bolan kitaplary sergide hormatly orny eýeledi.

Bilim, Medeniýet ministrlikleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň bank ulgamynyň hem-de ätiýaçlandyryş guramasynyň ýöriteleşdirilen diwarlyklarynda eziz Diýarymyzyň gazananlary öz beýanyny tapdy.Sport we syýahatçylyk dünýäsini, sagdyn durmuş ýörelgesini beýan edýän diwarlyklaryň töweregi hem köp adamly boldy.

Sergä daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda şähergurluşygynda we senagat pudagynda, ýol-ulag düzüminde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýan edaralar we kompaniýalar bar. Şolaryň agramly bölegine döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan möhüm taslamalary amala aşyrmak boýunça işewür-hyzmatdaşlaryň wekilçilik etmegi bellärliklidir. Şol hyzmatdaşlaryň hatarynda Bougues Turkmen, Gap Inşaat, Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi we Tijaret, Wozroždeniýe paýdarlar jemgyýeti şäher gurşawynda ýaşamak üçin iň gowy şertleri üpjün etmek hem-de şäher hojalygyny dolandyrmak, şol sanda dürli desgalary gurmak, ýollary çekmek, işjeň dynç alyş ulgamy bilen bagly innowasion işleri we tehnologiýalar bilen tanyşdyrdylar.

Ak şäherim Aşgabat halkara sergisi Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen üstünlikler bilen tanyşdyrdy. Ýurdumyzda Döwlet adam üçindir!diýen ýörelgä laýyklykda, türkmen ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan düýpli özgertmeleri amala aşyrylýar.

Sergä gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul edip, paýtagtymyzyň okgunly ösýän kuwwaty hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň durmuş-ykdysady mümkinçilikleri, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ajaýyp paýtagtyny mundan beýläk-de ösdürmäge we özgertmäge gönükdirilen giň gerimli işler bilen tanyşdyrýan serginiň ýokary derejede guralmagyna berlen goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Baýramçylyk güni Aşgabat aýdym-saz merkezinde guralan sungat ussatlarynyň konserti bilen tamamlandy.Tans hem-de döredijilik toparlarynyň, tanymal halk we estrada aýdymçylarynyň çykyşlary baýramçylyk şowhunyny artdyrdy.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, gözümiziň alnynda özgerýän ak mermerli paýtagtymyza bagyşlanan ajaýyp aýdymlar bu gün agşam aşyklar şäheriniň asuda asmanynda çar tarapa ýaň salyp, Aşgabat dünýäniň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriň birine öwrülendigini nobatdaky gezek tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy atly halkara maslahat geçirildi
Gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
17.03.2020 | Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
Paýtagtymyzda ýurdumyzyň ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy
Aşgabadyň gününe bagyşlanan halkara sergide şähergurluşygynyň iň täze gazananlary görkezildi