Ak şäherim Aşgabat atly köpugurly halkara sergi öz işine başlady

Şu gün 24-nji maýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Ak şäherim Aşgabat atly köpugurly halkara sergi öz işine başlady.Sergä ýurdumyzyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň, suratkeşleriň we dizaýnerleriň köp sanlysy, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, bilermenler, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň iberen Gutlagy okaldy.

Sergi merkeziniň bölümlerinde we meýdançalarynda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýurdumyzyň hususy kärhanalary, telekeçileri we Aşgabatda işleýän hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň has-da gözelleşmegine gönükdirilen ägirt uly şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga isleg bildirýän daşary ýurt kompaniýalar öz gazananlaryny görkezýärler.

Şeýle hem, türkmen paýtagtynyň gözelligine gözellik goşýan dürli ýadygärlikleriň, binalaryň we desgalaryň, gurluşygy alnyp barylýan we gurulmagy meýilleşdirýän binalaryň maketlerini görmek bolýar. Mundan başga-da suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň we dizaýnerleriň dürli eserleri, haly we haly önümleri, döwrebap biçüwde taýýarlanan türkmen milli lybaslary, paýtagtymyzda ýerleşýän restoranlaryň, azyk harytlaryny öndürýän hususy kärhanalaryň diwarlyklary myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär.

Seýilgähleri bezeýän açyk howada oturdylýan güller, şeýle hem paýtagtymyzdaky gül dükanlarynyň diwarlyklary sergi meýdançasyna aýratyn öwüşgin çaýýar.

Serginiň guramaçylary bolan Aşgabat şäher häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy her ýyl bu gözden geçirilişiň maksatnamasyna gurluşyk we binagärlik, elektrik energetikasy, gaýtadan işleýän we ýerli senagat, bezeg işleri, şäher düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, medeniýet, syýahatçylyk, sport ulgamlaryny ösdürmek ýaly ugurlary girizýärler.

Bu ulgamlaryň ösüş depginleri wideoşekillerde, desgalaryň kiçeldilen nusgalarynda, surat toplumlarynda, ýörite kitapçalarda we žurnallarda öz beýanyny tapýar.

Ýene degişli makalalar

Braziliýaly seýilgäh döretmek üçin 22 ýylda 40 müň bag ýetişdirdi
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary tamamlandy, Ýerewanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy, Mergen Orazow bilen interwýu we beýleki habarlar
Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň kenarynda syýahatçylary kabul etmek üçin ähli zat taýyn edildi, Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysynyň futbol boýunça Aziýanyň Kubogy-2024-iň saýlama ýaryşyndaky bäsdeşleri mälim edildi we beýleki habarlar
Bizi bagyşla!
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY SI SZINPINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Dünýäniň iň uly milli seýilgähleri