“Ak şäherim Aşgabat” atly halkara köpugurly sergi geçirilýär

24-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanylan “Ak şäherim Aşgabat” atly XX halkara köpugurly sergi öz işine başlady.

Sergä kärhanalaryň we beýleki düzümleriň 90-dan gowragy, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Bu foruma ýokary gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabat okgunly ösýän häzirki zaman şäheriniň täsin nusgasydyr, bu ýerde gözellik bilen amatlylyk, binagärligiň öňdebaryjy gazananlary, inžener-tehniki çözgütler we gadymdan gelýän milli binagärlik ýörelgeleri, şeýle hem türkmen halkynyň özboluşly durmuş ýörelgeleri sazlaşýar.

Ýurdumyzyň baş şäheriniň ýeten sepgitlerini, geljekki ösüş meýilnamalaryny açyp görkezýän giň gerimli serginiň meýdançalarynyň birinde şähergurluşyk, dolandyryş ulgamlary, inžener-üpjünçilik, ulag, aragatnaşyk, senagat we durmuş düzümleri, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, enjamlar we jemagat tehnikasy, ekologiýa, abadançylyk ýaly ýörite bölümler görkezilýär.

Forumyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň ýolbaşçylary we deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň işewürleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu köpugurly serginiň ata Watanymyzyň ýüregi hasaplanýan Aşgabadyň şäher gurluşygy babatda gazananlaryny dünýä äşgär etjekdigine, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrjakdygyna, paýtagtymyzyň has-da gözelleşmegine, dünýäniň örän owadan hem-de ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwrülmegine ýardam etjekdigine ynam bildirýär.

Sergide ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kärhanalary, ýurdumyzyň telekeçileri we Aşgabatda işleýän hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan ak mermerli paýtagtymyzyň has-da gözelleşmegine gönükdirilen giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga isleg bildirýän daşary ýurt kompaniýalary öz gazananlaryny görkezýärler.

Bu gözden geçirilişiň maksady, ozaly bilen, häzirki wagtda Türkmenistanda has uly gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk ulgamyna gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary — “Buig Türkmen”, “Gap Inşaat”, “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi we Tijaret”, “Çalyk Enerji Sanaýi we Tijaret”, “Altkom”, “Wozroždeniýe ÖB” paýdarlar jemgyýeti, “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasy, “Zeppelin” Türkmenistan JV” hojalyk jemgyýeti gurluşyk desgalarynyň kiçeldilen nusgalaryny, suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýol gurluşygy, dynç alyş ulgamy we beýleki ugurlary hem öz içine alýan innowasiýa işläp taýýarlamalary hem-de tehnologiýalary görkezdiler.

“Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň sergi bölümlerinde kartalaryň we pannolaryň üsti bilen halk hojalyk toplumynyň binýatlyk pudaklarynyň ösüş depginleri beýan edildi.

Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň: Senagat we gurluşyk önümçiligi, Gurluşyk we binagärlik, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary”, “Türkmenaragatnaşyk” agentlikleriniň, obasenagat toplumynyň, jemagat hojalygynyň, bilim ulgamynyň we beýlekileriň diwarlyklary sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi.

Sergi Türkmenistanyň täsin syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, jahankeşdelik pudagynyň meýilleri, dynç alşyň dürli görnüşleriniň guralyşy, medeni-aň düşünje we ülkäni öwreniş işleri barada iň täze maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.

Bäsdeşlige ukyply hyzmatdaş hökmünde milli ykdysadyýetimizde öz ornuny pugtalandyrýan ýurdumyzyň telekeçileri sergide öz işleriniň dürli ugurlaryny görkezdiler. Şolaryň hatarynda “Ussat inžener”, “Ak bulut”, “Derýaplastik”, “Ter”, “Döwletli döwran” we beýleki gurluşyk kärhanalary bar.

Şu gün sergi öz işini dowam eder. Ol tamamlanandan soňra gatnaşyjylaryň hemmesine degişli şahadatnamalar we diplomlar gowşurylar.

Ýene degişli makalalar

25.05.2019 | Ak şäherim Aşgabat atly köpugurly sergi geçirildi
Ak şäherim Aşgabat atly köpugurly sergi geçirildi
Pudaklaýyn forumlar — 2018: Türkmenistanyň şähergurluşyk maksatnamasynyň gerimi — halkyň bähbidine
10.02.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Aşgabat nurana geljege alyp barýan ýollarymyza şugla saçýan şamçyragdyr