Ak öý, Berdimuhamedowyň kitaplary... Türkmenler Täjigistana näme getirdi?

Ak öý, Berdimuhamedowyň kitaplary... Türkmenler Täjigistana näme getirdi?

14-15-nji oktýabrda Täjigistanda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günlerine 350-den gowrak sungat işgäri gatnaşdy. Ýöne bu Medeniýet günlerinde sözüň doly manysynda diýen ýaly Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň wasp edilmegi bu ýere baran täjik tomaşaçylaryny geň galdyrdy. “Duşenbedäki we Hatlon welaýatynyň Dusti etrabyndaky çäreleriň dowamynda täjik tomaşaçylary türkmen prezidentiniň ady bilen bir hatarda, onuň “Arkadag” lakamy bilen hem tanyş boldular” diýip, Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň habarçysy Mullarajab Ýususfiý aýtdy.

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň programmasyna laýyklykda, türkmen sungat işgärleri ilkinji milli aýdym-saz çykyşlaryny ýerine ýetirdiler we soňra Täjigistanyň Milli muzeýinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyny halk köpçüligine tanyşdyrdylar.

Türkmen sungat işgärleriniň tas ählisi diýen ýaly öz çykyşlarynda we söhbetdeşliklerinde prezident Berdimuhamedowy tarypladylar.Türkmenistanyň sungat işgärleriniň biri Amanaly Aralow türkmen prezidentini, ýagny “Arkadagy” taryplaýanlaryň biri bolup, ol Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna interwýu berdi. “Biziň hormatly prezidentimiz, halkymyzyň lideri medeniýeti ösdürmäge uly üns berýär.

Size nädip düşündirsemkäm, mähriban prezidentimiz sungaty, kitaplary söýýär” diýip, Aralow aýtdy. Ýöne Berdimuhamedowy taryplamak diňe munuň bilen hem çäklenmeýär.Medeniýet günleriniň çäginde Türkmenistanyň milli el işleri görkezilende, Berdimuhamedowyň kitaplarynyň tanyşdyrylyşy iň ýokary derejä ýetirildi.

Türkmenistanly akademik Atajan Burunow Berdimuhamedowyň kitaplarynyň “diňe türkmen halkyna däl, eýse tutuş dünýä halklary üçin sowgatdygyny” belledi.Ol özüniň 15 minutlyk çykyşynyň ählisini Berdimuhamedowa bagyş edendigini aýtdy.Döwlet baştutanynyň şahsyýet kultuny güýçlendirmek Täjigistanda hem bar. Ýöne bu meselede türkmenler bizi ozup geçipdirler diýip, Türkmenistanyň Medeniýet günlerine gatnaşan duşenbeli raýat belledi.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň habarçylarynyň Türkmenistandaky ykdysady kynçylar barada beren soraglaryna türkmen sungat işgärleri jogap bermekden ýüz öwürdiler.Olar Türkmenistanda adamlaryň bagtyýarlyk zamanasynda ýaşaýandygyny we olaryň hiç hili sosial problemalarynyň ýokdugyny aýtdylar.

Haçanda türkmen sungat işgärlerinden “Daşoguzda adamlar çörek nobatyna durýarmy?” diýip soralanda, olar bu sowala jogap bermegi ret edip, “Size bular ýaly zatlary kim aýdýar?” diýdiler.Türkmenistanda döwlet baştutanyny wasp etmek we türkmen teleradioýaýlymlarynda onuň ýazandygy aýdylýan kitaplary taryplaýan ýörite gepleşikleri taýýarlap görkezmek öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe başlanyp, bu tejribe häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwründe hem dowam etdirilýär.

Hatda ýaňy ýakynda, 25-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem özüniň ilkinji mejlisini prezidenti wasp etmeklige bagyşlady. “Arkadaga şöhrat” şygaryny batly seslendirip, çapak çalan gatnaşyjylar möhüm meseleleri maslahat etmegiň deregine prezident Berdimuhamedowy we onuň ýazandygy aýdylýan eserleri wasp etdiler.

Halkara guramalarynyň hasabatlarynda Türkmenistan dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri hasaplanýar. Ýurtdaky internet, metbugat azatlygynyň derejesi dünýädäki iň ýaramaz görkezijilere eýe bolup, Türkmenistanyň kanunlary Gurbanguly Berdimuhamedowa sansyz gezek prezident saýlanmaga mümkinçilik berýär.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Täjigistanda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri, soňky wagtlarda iki ýurduň arasyndaky ynjyk gatnaşyklar barada maglumatlaryň yzygiderli peýda bolmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW BILEN PREZIDENT EMOMALI RAHMONYŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER
Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa
Täjigistanda Magtymguly Pyragynyň döredijilik agşamy geçirildi
Türkmenistanda internede bagly bolmadyk milli tor dörediler, Aşgabady Moskwa ýa-da Sankt-Peterburg şäherleri bilen doganlaşdyrmak meýilleşdirilýär, GDA ýurtlarynda Täze ýylda nähili arzuw edýärler we beýleki habarlar
Resmi habarlar
Türkmen Ilçihanasy Täjigistanda 540 orunlyk orta mekdebi gurdurar