Ak Gaýa — öýüňiz we abatlaýyş işleriňiz üçin uniwersal dükan

Ak Gaýa — öýüňiz we abatlaýyş işleriňiz üçin uniwersal dükan

Öýüňiziň interýerini täzeläp ýa-da şäheriň çetinden ajaýyp jaý gurmak isleýärsiňizmi? Onda siz hökmany suratda Türkmenistandaky iň uly gurluşyk we enjam dükanlaryndan biri bolan Ak Gaýa baryp görmeli!

Bu ýerde gurluşyk, abatlaýyş we jaýy abadanlaşdyrmak üçin niýetlenen görlüp-eşidilmedik önümleri taparsyňyz.

Ak Gaýadan nämeleri taparsyňyz?

- türkmen önümçiliginiň hem-de import edilýän gurluşyk materiallarynyň giň haryt görnüşleri.

- interýer bezegi üçin niýetlenen plitkalar, pol örtükleri, boýaglar, oboýlar we beýleki materiallar.

- hammamy we aşhanany gurnamak üçin gerekli bolan zatlar: wannalar, duşlar, kranlar, rakowinalar we beýleki enjamlar.

- içki otagara we girelge gapylary, dürli dizaýndaky we ululykdaky penjireler.

- ähli otaglar üçin mebelleriň köpdürli görnüşi: ýatylýan otag we aşhana toplumlary, abzallaşdyrylan mebeller, çagalar otagy üçin mebel.

- öýüňizde rahatlyk döretmek üçin zerur bolan harytlar: dokma önümleri, gap-gaçlar, yşyklandyryş enjamlary, bezeg elementleri.

- bag mebelleri, bag gurallary, gazon we gül düşeklerini tertiplemek üçin gerek bolan önümler.

Ak Gaýa dükanynda her bir müşderä dogry harydy saýlap almaga we ähli soraglaryna jogap bermäge ýardam etjek tejribeli hünärmenler zähmet çekýärler. Satyn alnan harytlaryň tölegini nagt ýa-da bank karty arkaly töläp bilersiňiz.

Köp mukdarda söwda edilen ýagdaýynda alyp gitmek meselesiniň çözgüdi bolan öýe eltip bermek hyzmatynyň bardygyny hem aýratyn bellemek möhümdir. Şeýle hem dükanyň amatly iş meýilnamasynyň bolandygy üçin, hepdede ýedi gün sagat 8:00-dan 21:00-a çenli, bu ýerden islän wagtyňyz söwda edip bilýärsiňiz, bu iş bilen meşgullanyp wagty az bolan adamlar üçin aýratyn möhümdir.

Dükanyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), 40-njy jaý, Ak Gaýa binasy.

Habarlaşmak üçin:

Ýene degişli makalalar

Ak Gaýa Täze ýyl üçin baýramçylyk harytlaryny hödürleýär
Ak Gaýa dükanynyň harytlary döwrebap wanna otagyny döretmäge ýardam eder
Uçut gaýadaky dükan
Ak Gaýa täze emeli arçalar gelip gowuşdy
Ak Gaýa Gurluşyk: gurluşyk we abatlaýyş üçin dürli görnüşli boýaglar hem-de reňkleýiş esbaplary
Ak Gaýa dükany ýyladyjy enjamlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär