Ak gaýa HJ gurluşyk garyndylarynyň köpdürli görnüşlerini öndürýär

Ak gaýa HJ gurluşyk garyndylarynyň köpdürli görnüşlerini öndürýär

Ak gaýa hojalyk jemgyýeti dürli görnüşdäki öndürýän önümlerini müşderilere hödürleýär. Bu ýokary hilli gurluşyk garyndylary deslapky suwag, suwag hem-de ahyrky suwag, gurluşyk gipsi, maşynda edilýän suwag üçin garyndylar, şeýle hem gips tagtalary ýaly önümlerdir. Bu önümlere diňe bir Türkmenistanda däl-de, eýsem daşary ýurtlarda hem uly isleg bildirilýär.

Kärhananyň degişli önümçilik pudagynda 27 ýyllyk tejribesi bar. Ak gaýa HJ daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk garyndylarynyň söwdasyndan başlap, 2015-nji ýyldan öz gipslerini we suwag garyndylaryny, geçen ýyldan bäri bolsa gips kartonlaryny öndürip başlady.

Ak gaýa hojalyk jemgyýetiniň zawody Balkan welaýatynyň Akdaş şäherinde ýerleşýär. Zawodyň önümçilik kuwwaty 4 million inedördül metr gips kartonyny hem-de 5 müň tonna çenli gurluşyk garyndylaryny öndürmäge ukyply. Zawod Ispaniýadan, Türkiýeden we Hytaýdan getirilen enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Ak gaýanyň gurluşyk we öý hojalyk harytlarynyň dükanlarynda hem santehnikanyň dürli görnüşi, gurluşyk harytlary, öýleri abatlamak üçin zerur bolan we islendik binagärlik maksatlaryny amala aşyrmak üçin niýetlenen gurallar we enjamlar alyjylara ýetirilýär.

Aşgabat şäherinde kärhananyň önümleri bilen şu salgylarda tanşyp bilersiňiz:

Ak gaýa hojalyk jemgyýeti abatlaýyş işleri bilen meşgullanýan kärhanalary, hususyýetçileri hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar. Ak gaýa — bu hil bilen bahanyň amatly sazlaşygy.

Ýene degişli makalalar

Owadan Ülke ýag we ýag önümleriniň täzelenen assortimentini hödürleýär
Tok, suw yzygiderli kesilýär, gündelik durmuş bökdelýär - Türkmenbaşy
Balkanda aşa yssy howa şertlerinde içgeçme köpelýär
Ak gaýa başlangyç hem-de ahyrky gatlak suwag üçin şpatlýowkalary alyjylara ýetirýär
Ak gaýa gurluşyk materiallarynyň kärhanasy hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar
Türkmenistanyň günortasynda neşe gaçakçylygynyň öňüni almak üçin çärelerde 100-den gowrak adam tutuldy