Ak gaýa gurluşyk materiallarynyň kärhanasy hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar

Ak gaýa gurluşyk materiallarynyň kärhanasy hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar

Gury gurluşyk garyndylaryny hem-de gips karton önümlerini öndürýän Ak gaýa hojalyk jemgyýeti daşary ýurtly kärhanalary we türkmenistanly telekeçileri hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar. Häzirki wagtda Ak gaýa HJ-niň önümleri gurluşyk materiallaryny satýan dükanlary, şeýle-de gurluşyk we öý abatlaýyş işlerini ýerine ýetirýän gurluşyk kärhanalaryny giňden gyzyklandyrýar.

Ak gaýa hojalyk jemgyýetiniň gury gurluşyk garyndylary (suwag garyndylary, grunt garyndylary, gurluşyk gipsi) sertifikatlar bilen tassyklanyp, halkara hil standartlaryna laýyk gelýär.

Ammaryň amatly guralan işi we önümleriň hemişelik ätiýaçlygy gurluşyk materiallaryny gerekli wagtynda bazarlara ibermäge mümkinçilik berýär.

Gurluşykda giňden peýdalanylýan gury garyndylaryň zawody Balkan welaýatynyň Akdaş şäherinde ýerleşýär. Ýakyn geljekde bu önümçilik kärhanasynyň işini has-da kämilleşdirmek we önümleriň görnüş sanyny artdyrmak göz öňüne tutulýar.

Ak gaýa hojalyk jemgyýetiniň dükanlar torunyň bardygyny we olarda berkidiji kiçi demir şaýlary, santehnika enjamlary, gurallar, boýaglar, öý-hojalyk tehnikalary we beýleki zerur gurluşyk harytlarynyň ýokary hilli görnüşleriniň alyjylara ýetirilýändigini hem bellemek gerek.

Kärhananyň önümleri bilen web saýtyndan ýa-da Ak gaýa dükanlaryna baryp tanşyp bilersiňiz:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Akdaş kerpijiniň bahasy iki esse gymmatlady
Döwlet ýolbaşçylarynyň dynç alýan wagty Balkanda ilat üçin gadagançylyk köpeldi
Ak gaýa başlangyç hem-de ahyrky gatlak suwag üçin şpatlýowkalary alyjylara ýetirýär
Ak gaýa HJ gurluşyk garyndylarynyň köpdürli görnüşlerini öndürýär
Türkmenistanyň günortasynda neşe gaçakçylygynyň öňüni almak üçin çärelerde 100-den gowrak adam tutuldy
Eýrandan neşe gaçakçylygynyň öňüni almak üçin ýörite çäreler dowam edýär