Ak Gaýa dükanynyň harytlary döwrebap wanna otagyny döretmäge ýardam eder

Ak Gaýa dükanynyň harytlary döwrebap wanna otagyny döretmäge ýardam eder

Ak Gaýa gurluşyk materiallarynyň we öý-hojalyk önümleriniň dükany wanna hem-de hajathana otaglary üçin niýetlenen ýokary hilli santehnika enjamlaryny, plitkalary we mebelleri hödürleýär.

Dükanda wannadan oňaýly peýdalanmak üçin zerur bolan islendik zady tapyp bilersiňiz: dürli göwrümdäki we ululykdaky rakowinalar, duş kabinalary, wannalar, kranlar, unitazlar hem-de beýleki enjamlar.

Wannaňyzda çyndanam oňaýly atmosferany döretmek üçin plitkalaryň kolleksiýasyna hem üns çekip bilersiňiz. Ak Gaýadaky plitkalar gözelligiň we çydamlylygyň sazlaşykly utgaşmasydyr. Keramiki we farfor plitalar çyglylyga, temperaturanyň üýtgemegine hem-de mehaniki zeper ýetmelere çydamlydyr.

Şeýle hem Ak Gaýanyň assortimentinde ajaýyp we köpugurly wanna mebelleri bar: rakowina üçin tumbalar, şkaflar, aýnalar, tekjeler we interýeriň beýleki elementleri.

Ak Gaýa dükany Türkiýäniň, Ýewropanyň hem-de Hytaýyň ynamdar üpjün edijileri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu bolsa diňe ýokary hilli önümleri hödürlemäge mümkinçilik berýär.

Dükan şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (Obýezdnaýa), 40-njy jaý, Ak Gaýa binasy. Iş wagty: her gün sagat 8:00-dan 21:00-a çenli.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Lukaşenko Belarussiýada geçirilen Prezident saýlawynyň resmi bolmadyk netijesine görä ýeňiş gazandy
Belarussiýada geçirilen Prezident saýlawynyň resmi netijeleri aýan edildi
Maryda günebakar ýagynyň çäkli satuwy ýola goýuldy, Lebapda ilatyň nägileligi “artýar”
Gyşyň buşlukçysy dekabr aýy
Türkmen türgenleriniň nobatdaky üstünligi
Hakan Fidan Gresiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy