Gury gurluşyk garyndylaryny we gips karton önümleri öndürýän Ak gaýa kärhanasy alyjylar köpçüligine başlangyç we ahyrky gatlak suwag üçin niýetlenen Ak alçi şpatlýowkalaryny hödürleýär.
Betonlara, kerpiçlere we beýleki diwar görnüşlerine ilkinji gatlak hökmünde çalynýan Ak alçi grunt şpatlýowkasy her dürli tekizlige laýykdyr we temperaturanyň islendik şertlerine, çyglylyga hem durnuklydyr. Bu garyndyny taýýarlamak we peýdalanmak ýeňildir.
Gruntlanan diwarlaryň ahyrky gatlak suwagyny üpjün edýän şpatlýowkalar bolsa soňundan diwary reňklemek we agartmak, şeýle-de oboýlary ýelimlemek üçin amatlydyr.
Ak gaýa kärhanasynyň önümleri Balkan welaýatynyň Akdaş şäherindäki zawodynda öndürilýär. Kärhananyň köp görnüş önümleri bilen saýt arkaly ýa-da onuň dürli ýerlerdäki dükanlaryndan tanşyp bilersiňiz.
• Aşgabat ş., Terminal toplumy, Ak gaýa söwda merkezi, telefon belgileri: 575555, +993 65 411010; • Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 40-njy jaý (Ak gaýa), telefon belgileri: 575757, 754375, +993 64 664488; • Aşgabat ş., Ak Tam Bazary terminal toplumy, 1-2-nji dükanlar, telefon belgileri: +993 65 546232, +993 62 822220.
Şeýle-de okaň: