Ak gar hususy kärahnasynda ýakyn geljekde önümçilige ýumşak süýjüleriň ýene birnäçe görnüşini goşmak göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berdi.
Hususyýetçi Atajan Jumanyýazow 2011-nji ýylda konditer önümçiligine ýöriteleşdirilen Ak gar hususy kärhanasyny esaslandyrdy. Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrylan kärhana önümçilige gant öndürmek bilen girişdi. Şol ýyllarda gandyň barmak büküp sanaýmalyja görnüşleri öndürilen bolsa, häzirki wagtda bu san 12-ä ýetdi.
Önümçilige 2014-nji ýylda 10 görnüşli gaty karamel, 2015-nji ýylda 13 görnüşli çeýnelýän huruşly tofik süýjüsi, taýajykly karamel datly süýjüsi, milli süýjüliklerimiziň biri bolan nabat, 2016-njy ýylda konditer önümçiliginde giňden ulanylýan hamyr gabartmasy, şeker, kakao tozlary we şekerli wanilin goşuldy.
Bu önümçilikler üçin Ak bugdaý etrabynyň Täze durmuş obasynyň ýakynyndaky Senagat zolagynda ýerleşýän önümçilik kärhanasynyň enjamlarynyň üsti 2014 — 2016-njy ýyllar aralygynda üç gezek ýetirildi. Önümçilige Ýewropanyň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyryldy. Şeýlelikde, hususy kärhananyň häzirki wagtda ýyllyk kuwwaty 4200, aýlyk kuwwaty 350 tonna ýetdi.
Maryşeker kärhanasy Ak gary çig mal bilen üpjün edýän kärhanalaryň biridir.
Önümleriniň bir bölegini Owganystana hem eksport edýän hususy kärhana ýurdumyzyň sebitlerinde hem iş alyp barýar. Şeýle bolansoň, häzirki wagtda ýurdumyzyň islendik künjeginde Ak garyň datly önümlerine gabat gelmek mümkin.
Hususy kärhanada önümçilik işleri 80-e golaý hünärmeniň zähmeti bilen alnyp barylýar.