Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk çäresi — pagta ýygymy möwsümi başlandy. Ministrler Kabinetiniň 2-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde tassyklanan tertibe laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 7-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişildi. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, Daşoguz welaýatynda pagta ýygymy 14-nji sentýabrda başlanar.
Pagta ýygymy möwsüminiň döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, hormatly ýaşulular tarapyndan başynyň başlanmagy türkmen ekerançylarynyň asylly däbine öwrüldi. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda ýurdumyzda ak altynyň bol hasyly ýetişdirildi. Indi bolsa ony gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnamak, Watanymyzyň harmanyna tabşyrmak oba hojalyk işgärleriniň esasy wezipesidir.
Tutuş ýurdumyz boýunça pagta ýygymy möwsüminde 1600 kombaýn, ýetişdirilen hasyly daşamak üçin dürli ulaglaryň 7800-si ulanylar. Möwsüme pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy hem-de kabul ediş harmanhanalarynyň 158-si taýýarlanyldy.
Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular we din wekilleri pagta ýygymyna girişmezden ozal, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda berkarar Watanymyzyň abadançylygyny we mundan beýläk-de gülläp ösmegini Beýik Biribardan dileg etdiler. Şu gün Ahal, Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynyň harmanhanalaryna hem-de pagta arassalaýjy kärhanalaryna üsti “ak altyndan” doly, Döwlet baýdagymyz bilen bezelen awtoulaglaryň we tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi.
Ýygym möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan çärelere häkimlikleriň, daýhan birleşikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu dabaralaryň çäklerinde, oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän we dokma senagatynyň önümleriniň sergisi guraldy.
Welaýatlaryň döredijilik toparlary dabaralara baýramçylyk öwüşginini çaýdylar. Önümçiligiň öňdebaryjylaryna — “ak altynyň” bol hasylyny ýetişdiren ussat pagtaçylara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.