Elbetde, bu ýazgylar 25-nji mart güni ýurdumyzda täze açylan ýyladyşhanalaryň diňe biriniň söhbedi. Olaryň ählisi baradaky iň uly eseri Gahryman Arkadagymyz döredýär. Bu eser ajaýyp döwrümiziň altyn sahypalaryna ýazylýar. Şonuň üçin hem täze toplumda işlejek hünärmenleriň Gahryman Arkadagymyza alkyşyny şu ýazgylaryň iň mynasyp jemlemesi hasapladyk.
Begenç ÇARYÝEW,Altyn bürgüt hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy:
― Ýyladyşhana toplumymyzyň açylyş dabarasynda çykyş edip, Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildiren pursadymda ýüregime dolan tolgunma we çäksiz buýsanç bütin ömrüme içki dünýämden çykmasa gerek. Eziz Arkadagymyzyň sowgat beren John Deere kysymly kuwwatly traktory bolsa biziň şatlygymyzy has-da artdyrdy.
Täze ýyladyşhanalardan ýyglan hasylyň bir bölegini Gazagystan Respublikasyna eksporta hem ugratdyk. Mahlasy, baharyň şol güni bize hoş habar yzyna hoş habar getirdi. Men ýene bir gezek şeýle iri taslamany durmuşa geçirmäge beren ýardamy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn. Nesip bolsa, eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwaty, azyk bolçulygy üçin gijämizi-gündiz edip zähmet çekeris.
Narly Abdullaýew, agronom:
― Täze ýyladyşhanalar ylmyň we sanly tehnologiýalaryň iň täze gazananlaryna esaslanyp işleýär.Bu ýerde ekine beriljek her damja suwa, her zerre döküne çenli takyk ölçenilýär we gerekli mukdarda berilýär. Şonuň üçin işleriň guralyşy agronomlardan hem kämil sowatlylygy talap edýär.
Nesip bolsa, ýyladyşhana toplumynda giň mümkinçilikleriň gurşawynda işläp, ähli bilimimizi, başarnygymyzy eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyna bagyşlarys. Şeýle döwletli tutumlaryň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Aýşat JUMAÝEWA, işçi:
― Toplumyň işgärleriniň arasynda gelin-gyzlar hem kän. Bu ýerde bize işlemek üçin ähli amatly şertler döredilip berilýär. Işleriň aglaba bölegi awtomatlaşdyrylan usulda. Biz diňe ekine gözegçilik etmäge we hasyl ýygnamaga gatnaşýarys. Okuw we lukmançylyk otaglary, 200 orunlyk naharhana we dynç alyş nokatlary işgärleriň ygtyýarynda.
Biz şeýle döwrebap toplumlary gurduryp, olaryň işine ak pata berýändigi üçin Gahryman Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Nesip bolsa, iýun aýyna çenli dowam etjek ýygym möwsüminde täze toplumdan bol hasyl alyp, eziz Watanymyzyň döwletlilik toýuna ― Garaşsyzlyk baýramymyza bereket bilen bararys.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24305