Wokal mugallymy Ýuliýa Tarawkowa wokal türgenleşikleriniň horlanmaga peýdasy baradaky 4 hakykat dogrusynda durup geçdi.
1.Aýdym aýdylanda myşsalar işjeňleşýär Aýdym aýdylýan mahaly 80 myşsa topary herekete gelýär. Eger-de siz dogry dem alsaňyz, garyn myşsalary gataýar. Sebäbi wokal sapaklarynda dogry dem almak esasy zatlaryň biri bolup, ol myşsanyň türgenleşik zalyndaky ýaly berkemegine ýardam edýär.
2.Dogry dem almak ýaglary ýakmaga kömek edýär Aýdym aýtmak sungaty, ilkinji nobatda, dogry dem almak sungatydyr.Bilşiňiz ýaly, kislorod ýetmezçiligi metabolizm hadysasynyň haýallamagyna getirýär.Mundan başga-da, kislorod bize energiýa berýän glýukozany turşatmak, şeýle hem bedende ýygnanan ýaglary turşatmak üçin zerurdyr.
Näçe köp kislorod kabul etsek, şonça-da köp ýag ýakýarys.Dem alyş usullaryny özleşdirmek - ylgamakdan ýa-da tigir sürmekden 140% köp ýag ýakmaga kömek edýär.Sebäbi biz adaty dem alyş wagtynda öýkeniň göwrüminiň bary-ýogy 30%-ini ulanýarys we ýag öýjüklerinden dynmak üçin ýeterlik kislorod almaýarys.
Aýdym aýdanymyzda bolsa biz çuň dem alýarys we ganyň kislorod üpjünçiligini artdyrýarys.
3. Aýdym stresden goraýar Bilşiňiz ýaly, stres bedeniň iýmit siňdirişine jogap berýän amallary işjeňleşdirýär. Aýdym aýtmak prosesi beýnide şatlyk endorfin gormonynyň öndürilmegini höweslendirýär. Bu bolsa adamyň merkezi nerw ulgamyna peýdaly täsir edýär, stresden dynmaga kömek edýär, kanagatlanma duýgusyny döredýär we şähdiňi açýar.
4. Aýdym aýtmak - energiýa sarp edýän iş Bir sagat wokal türgenleşiginde beden 120 kkal töweregi energiýa sarp edýär. Agramyna görä, 1 sagat aýdym aýdanylda ýakylýan energiýa mukdary şeýleräk: 50 kg - 85 kkal, 80 kg - 136 kkal, 110 kg 187 kkal diýip, womanhit.ru habar berdi.