“Airbus” kompaniýasy A321XLR atly bir koridorly ýolagçy uçaryny ilkinji synag uçuşyny amala aşyrdy.Ilkinji uçuşy şowly tamamlanan uçaryň 2024-nji ýylda önümçilige goýberilmegine garaşylýar.A321XLR (extra Long Range) ucarynyň dört ýarym sagatdan gowrak dowam eden uçuşynda uçuşa gözegçilik ulgamy, motorlary we beýeki zatlar pes we ýokary tizlikde barlanyp görüldi.
Germaniýanyň Gamburg aeroportyndan amala aşyrylan uçuşa pilotlardan başga-da inženerler hem gatnaşdy.Täze uçaryň her orun üçin 30 göterim az ýangyç sarp edýändigi, bir gezek ýangyç doldurylanda 8 müň 700 kilometr ýol geçip bilýändigi we 11 sagat uçup bilýändigi mälim edildi.
Bu uçar 180-220 orunlyk bolar.Uçaryň eýýäm 500 sargyt alandygy mälim edildi.Kompaniýanyň iň uly bäsdeşi bolan “Boeing” bu uçaryň deňeçerini öndürjekdigi barada häzire çenli maglumat bermedi.