Airbus uçar kompaniýasy sentýabr aýynda wodorod bilen işleýän üç aýry uçarynyň taslamasyny mälim etdi. ZEROe modelli dünýäniň ilkinji nebit esasly ýangyjy ulanmaýan bu uçarlaryny Airbus kompaniýasy 2035-nji ýyla çenli ulanyşa girizmegi meýilleşdirýär.
Airbus-yň resmi internet sahypasynda berlen maglumata görä, kompaniýa täze uçarlary bilen bütindünýä awiasiýa senagatyndaky uglerod ulanyşyny azaltmak tagallalarynyň öňbaşçysy bolmagy maksat edinýär.
Sintetiki ýangyçlarda we esasy güýç çeşmesinde wodorodyň ulanylmagynyň awiasiýa senagatynyň howanyň üýtgemegine ýetirýän täsirini azaltjakdygyna doly ynanýaryn diýip, Airbus kompaniýasynyň direktory Giýom Fori belläp geçýär.
Wodorod esasly ýangyçlar bilen hereket etjek uçarlarda aerodinamikanyň we tehnologiýanyň täze gazananlary giňden ulanylypdyr. Bu uçarlaryň ikisi adaty uçarlaryň şeklinde bolsa-da, kompaniýanyň üçünji uçar taslamasy kosmos uçarlaryny ýada salýar.
Uçarlaryň ilkinjisine adatça ulanylýan Turbofan hereketlendirijisi ýerleşdirilipdir. Bu hereketlendirijiniň gaz turbinasy uçar ýangyjynyň ýerine wodorod bilen işleýär. 120-200 ýolagça niýetlenen bu uçar 3 704 kilometrden gowrak aralyga uçmaga ukyplydyr.
Ikinji uçarda bolsa, has kiçi göwrümli uçarlarda gabat gelýän Turboprop hereketlendirijisi ulanylypdyr. Wodorodly işleýän gaz turbinasy bilen üpjün edilen bu hereketlendiriji uçaryň 1 852 kilometrden gowrak aralykda uçmagyna mümkinçilik döredýär. Uçar 100 ýolagça niýetlenendir.
Airbus-yň üçünji uçary üçburç şekilli bolup, ganatlary Turbofan taslamasyndaka meňzeş ýagdaýda birleşýär. 200 ýolagça niýetlenen bu uçar taslamasy wodorodyň saklanmagy we paýlanmagy babatynda birnäçe täze aýratynlyk hödürleýär.
1970-nji ýylda esaslandyrylan Airbus kompaniýasynyň ştab-kwartirasy Niderlandlaryň Leýden şäherinde ýerleşýär. Köp ugurly kompaniýa hökmünde hereket edýän Airbus-yň 2019-njy ýyldaky arassa girdejisi 3 milliard ýewrodan geçdi.