“Air India” awiakompaniýasy Amritsar-Birmingem marşrutynda “Türkmenhowaýollary” bilen bäsleşer

“Гундогар“, habar saýtynyň maglumatyna görä, “Air India” awiakompaniýasy 20-nji fewraldan Hindistanyň Amritsaryndan Britaniýanyň Birmingem şäherine gatnaýan yzygiderli göni, ýolda gonmazdan, uçar gatnawyna başlaýar. Bu gatnaw hepdede iki gezek amala aşyrylar. Ýolagçy gatnawyny “Boing -787” uçarlary amala aşyrýar.

Neşiriň ýazmagyna görä, “Türkmenhowaýollary” awiakompaniýasynyň uçarlarynyň Amritsardan Aşgabadyň üsti bilen Birmingeme amala aşyrýan gatnawlary uzak wagtlap Türkmenistanyň milli awiahyzmatlarynyň iň bir meşhur ugurlarynyň biri bolup galdy.

Belleýäris, “Türkmenistanyň Hronikasy” ozal bu reýsiň ýolagçylarynyň örän köp böleginiň “Türkmenhowaýollarynyň” reýslerindäki hyzmatyň hilinden, hem uçardaky, hem Aşgabat aeroportyndaky işgärleriň gödekliginden nägile galýandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy ýolagçylary ýükleri babatda wagtlaýyn bölekleýin konsepsiýa geçdi
“Türkmenhowaýollaryna” ÝB-niň territoriýasyndan uçmak gadagan edildi
Türkmenhowaýollary halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagyny ýaza çenli uzaldýar
Türkmenowaýollary halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagyny ýaza çenli uzaldýar
Türkmenhowaýollary halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagyny 31-nji ýanwara çenli uzaldýar
Türkmenhowaýollary halkara gatnawlaryny 2020-nji ýylyň ahyryna çenli çäklendirýär