AI: Türkmenistan türmede daşarky dünýäden üzňe saklamak meselesini çözmedi

“Amnesty International” guramasy ýyllyk adam hukuklary hasabatyny çap edip, ýene bir gezek dünýä ýüzünde adam hukuklary ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyna ünsi çekdi.

Dünýäniň 159 ýurduna syn salýan hasabatda dünýä liderleriniň barha kän “millionlap adamyň hukuklaryny bozýandygy ýa-da adam hukuklarynyň basgylanmagyna göz ýumýandygy” öňe sürülýär.

Halkara günä geçiş guramasy Filippinleriň prezidenti Rodrigo Dutertäniň neşä garşy kampaniýasynyň müňläp adamyň ajalyna sebäp bolandygyny, rus prezidenti Wladimir Putiniň hökümetiniň korrupsiýa garşy protestçileri “syýasy äheňli aýyplamalarda” aýyplandygyny, Si Jinpingiň ýolbaşçylygyndaky Hytaýda Nobel baýragynyň eýesi Liu Siabonyň türmede ölendigini we beýlekileri mysal getirýär.

Şeýle-de hasabatda ABŞ-nyň, birnäçe musulman ýurdunyň raýatlarynyň ýurda girmegine gadaganlyk girizmek bilen, beýleki hökümetlere ters görelde görkezendigi bellenilýär.

AI Türkmenistanyň pikir we söz azatlygyna girizen gazaply çäklendirmelerini saklap galýandygyny aýdýar.

“Tussag astynda saklanylýan we azatlykdan mahrum edilen adamlary gynadylar we gazaply daraşylmagyna sezewar etdiler, käte bu olaryň ölümi bilen gutardy” diýip, hasabatyň Türkmenistan bölüminde aýdylýar.

Şeýle-de hasabatda Türkmenistanyň zorlukly ýitirim edilmeler we türmelerde daşarky dünýäden doly üzňelikde saklamak meselelerini çözmek üçin hiç zat etmändigi aýdylýar.

“Prezident Berdimuhamedow fewralda ýedi ýyllyk möhlet bilen gaýtadan saýlandy, 98 prosent ses aldy. ÝHHG-nyň missiýasy saýlawlaryň geçirilişinde “düýpli düzgün bozulmalaryny” tapdy. Ýurtda ykdysady krizis çuňlaşýar…” diýip, hasabatda ilata berlip gelen ýeňillikleriň ýatyrylyşy, döwlet edaralarynda aýlyklaryň gijikdirilişi we pul ýetmezligi hem bellenip geçilýär.

Geçen ýyl Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň, ombudsmeniň wezipesi döredildi, emma parlamentiň bu wezipä prezidentiň hödürlänkandidatlaryndan saýlap almagy Ombudsmen institutynyň garaşsyzlygyna şübhe döretdi.

Ýurtda söz, metbugat azatlygy bolmady, adatça ýaşyrynlykda işleýän we daşary ýurt neşirleri bilen hyzmatdaşlyk edýän garaşsyz žurnalistler ýanalmalara we tussag etmelere sezewar edildi.

2015-nji ýylda tussag edilen we neşeli derman saklamakda aýyplanyp, üç ýyl azatlykdan mahrum edilen garaşsyz žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýew şindi hem türmede otyr we, bar bolan maglumatlara görä, ol ölüm howply keselden ejir çekýär diýip, AI belleýär.

Hasabatyň adam gynamalary we beýleki ýowuz daraşmalar baradaky bölüminde tussaglykdaky türkmenistanlylaryň,ýüklenýän jenaýaty boýun almaklary üçin, yzygiderli gynalýandygy we urlup-ýenjilýändigi aýdylýar.

“Fewralda jenaýat kodeksiniň dürli maddalary esasynda 18 adam, türk-türkmen mekdepleri we Fethulla Gülen bilen güman edilýän baglanyşyklary üçin sud edildi we olara 5 ýyldan 12 ýyla çenli ýyl kesildi” diýip, hasabatda bu adamlaryň deslapky tussaghanada juda agyr şertlerde saklanandygy aýdylýar. Şeýle-de, olar bilen bile tussag edilen 19 adamyň gynaglar we urup-ýençmeler wagtynda ölendigini çaklamaga esasyň bardygy bellenilýär.

Halkara Günä geçiş guramasy iýun aýynda jesedi garyndaşlaryna berlen tussag Aziz Gafurowyň mysalyna salgylanyp, türkmen türmelerinde tussaglaryň juda horlanyp ölýändigini öňe sürýär. Aziz Gafurow soňky ýyllarda häkimiýeti eýelemek maksady bilen dil düwüşmek, konstitutsion gurluşy zor bilen üýtgetmäge çagyrmak, mili we dini duşmançylyga meçew bermek aýyplamalarynda aýyplanan köp sanly dindarlaryň biri diýip, hasabatda aýdylýar.

2002-nji ýylda şol wagtky prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplanyp, uzak möhletli türmä basylanlaryň azyndan 80 sanysynyň nirede we nähili ýagdaýda saklanylýandygy geçen ýyl hem belli bolmady. Ýöne 2017-nji ýylda türmede ýogalanozalkyresmileriň üç sanysyň jesetleri garyndaşlaryna berildi.

Şeýle-de hasabatda adamlaryň ýaşaýyş jaý hukuklarynyň köpçülikleýin bozulandygy aýdylýar.

Çeşem: “Azatlyk” radiosy

Ýene degişli makalalar

AI: Türkmenistan türmede daşarky dünýäden üzňe saklamak meselesini çözmedi
Lebapda ten satýan aýallara we LGBTQ+ wekillerine garşy reýd geçirilýär
Türkmenistanda “gülençi” diýilýänleriň sudy “adalatsyz boldy”
Türkmenistanda aktiwistler gorkuzylýar, söz azatlygynyň çygry daraldylýar
Türkmenistanda aktiwistler gorkuzylýar, söz azatlygynyň çygry daraldylýar
AI: Türkmenistan aýallaryň hukuklaryny bozýan çäklendirmelerden el çekmelidir