AI Isakowyň gynamalara sezewar edilmeginiň mümkindigini aýdyp, gyssagly herekete çagyrýar

AI Isakowyň gynamalara sezewar edilmeginiň mümkindigini aýdyp, gyssagly herekete çagyrýar

"Amnesty International" guramasy Russiýada ýitirim bolan, soňra-da Türkmenistandadygy habar berlen türkmen aktiwisti Azat Isakowyň gynamalara sezewar bolmak howpunyň abanýandygyny aýdyp, bu barada gyssagly herekete çagyrýar.

Gurama 23-nji noýabrda çap eden beýanatynda "Türkmenistan - birleşiň" toparynyň maglumatyna salgylanyp, Isakowyň Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan Türkmenabat şäherinde, daşky dünýäden üzňelikde saklanýandygyna ünsi çekýär.

"Azat Isakowyň ykbaly we nirededigi barada resmi tassyklamany talap ediň. Isakowyň gynamalara sezewar bolmak howpy abanýar, ol derrew boşadylmaly" diýip, gurama bu barada türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat ibermäge çagyrýar.

Ýatlatsak, türkmen režimini we prezident Berdimuhamedowyň syýasatyny açyk tankytlan 37 ýaşly Isakow 20-nji oktýabrda Russiýada ýitirim bolupdy. 9-njy noýabrda Russiýanyň Içeri işler ministrligi Isakowyň Moskwanyň Domodedowo howa menzilinden Türkmenabat şäherine uçandygyny aýdyp, aktiwistiň gözlegini guramak üçin Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralaryna ýüz tutmagy teklip edipdi.

Emma Isakowyň egindeşleri we ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar Türkmenistanyň 2020-nji ýylda pandemiýa bilen baglylykda halkara uçar gatnawlaryny ýatyrandygyna, şeýle-de aktiwistiň türkmen pasportyny ýitirendigine ünsi çekip, onuň Russiýadan Türkmenistana bikanun iberilendigini aýtdylar.

"Amnesty International" guramasy öz beýanatynda türkmen lideriniň adyna ýazylan hatyň nusgasyny hem çap edip, onda Berdimuhamedowy Isakowyň ykbaly we ýerleşýän ýeri barada maglumatlary gysga wagtda aýan etmäge çagyrýar.

Şeýle-de, hatda "eger Isakow Türkmenistanyň hukuk goraýjy organlary tarapyndan tussaglykda saklanýan bolsa, onda ony gynamalardan we ýowuzlyklardan goramaga, maşgalasynyň aktiwisti baryp görmegine rugsat bermäge we zerur bolan halatynda, ony lukmançylyk kömegi bilen üpjün etmäge hem çagyryş edilýär.

"Azat Isakowy derrew azat ediň ýa-da ýeterlik we ygtybarly subutnamalar bar bolsa, oňa garşy halkara derejesinde ykrar edilen jenaýaty amala aşyrmakda aýyplama bildiriň" diýlip, guramanyň türkmen lideriniň adyna ýazan hatynda bellenilýär.

Ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar repressiw türkmen häkimiýetleriniň aktiwistiň tankydy çykyşlaryndan ar alýandygyny aýdýarlar.

Isakow 2019-njy ýyldan bäri türkmenleriň protest hereketine işjeň gatnaşyp, ol 2020-nji ýylyň maýyndan bäri Internet kanallarynda Türkmenistanyň häkimiýetlerini açyk tankytlap başlady.

Resmi däl maglumatlara görä, 2020-nji ýylyň iýunynda Isakow Türkmenistanda gözlenýänleriň sanawyna girizilipdir, onuň "Watan dönügi" ýazgyly suraty hem polisiýa bölüminde asylypdyr.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň, şol sanda “Memorial” we “Türkmen Helsinki fondy” guramalarynyň maglumatyna görä, 2020-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň işgärleri aktiwistiň Türkmenistandaky garyndaşlaryndan onuň onlaýn çykyşlaryny bes etmegini birnäçe gezek talap edipdir, ýogsa-da "tapylar we jezalandyrylar" diýip haýbat atypdyrlar. 2020-nji ýylyň 24-nji iýulynda ene-atasynyň öýünde ýaşaýan ähli garyndaşlarynyň telefonlary barlag üçin ele salnypdyr.

Açlyk, işsizlik, koronawirusdan ölümiň köpelmegi ýaly aç-açan agyrlaşan sosial-ykdysady meseleleriň Türkmenistanyň ýolbaşçylary tarapyndan ykrar edilmezligi ýurtda nägileligi artdyrýar we daşary ýurtly türkmen raýatlarynyň garşylyk hereketini güýçlendirýär. Häkimiýetler bolsa, bolup geçýän wakalara aktiwistlere repressiýa we azar bermek bilen jogap berýärler.

Britaniýanyň Daşary işler ministrligi dünýäniň 31 ýurdundaky adam hukuklary ýagdaýyna syn edip, ýylyň alty aýyna bagyşlanan soňky hasabatynda Türkmenistanda adam hukuklary ýagdaýynyň gowulaşmandygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

'Gülen hereketi' bilen ilteşikli hasaplanyp, soraga çekilen mugallymlar täze basyşlardan gorkýar
Lebapda ten satýan aýallara we LGBTQ+ wekillerine garşy reýd geçirilýär
Diňle: 'Milli medeniýet' bilen düşündirilýän diskriminasiýa. 'Amnesty International', Türkmenistanda adam hukuklaryna baha berdi
Azatlygyň dokumental filminden soň, LGBTQ+ wekillerine garşy basyş güýçlenýär
'Milli medeniýet' bilen düşündirilýän diskriminasiýa. 'Amnesty International', Türkmenistanda adam hukuklaryna baha berdi
Gazadaky söweşden bir hepde soň BAE-nyň Tel Awiwdäki ilçihanasynyň resmi açylyşy