Ahyry ilkinji goluny geçirdi

Angliýanyň “Premier Ligasynda” 7-nji tapgyryň soňky duşuşygynda, London derbisinde “Çelsi” myhmançylykda “Fulham” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda Londonyň has meşhur topary, ýagny “Çelsi” 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Möwsümdäki 2-nji ýeňşini gazanan toparyň gollaryny 18-nji minutda Mudryk, 19-njy minutda-da Armando Broýa geçirdi.Ukrainaly oýunçy Mihailo Mudryk “Çelsi” transfer bolanyndan soň ilkinji gezek tapawutlandy. Ýanwar aýynda kluba goşulan 22 ýaşyndaky wingeriň täze klubundaky ilkinji goly üçin 24 duşuşyk gerek boldy.

“Çelsi” bu ýeňişden soň utugyny 8-e çykaryp, 11-nji orna beýgeldi.

Ýene degişli makalalar

“Bawariýa” londonlylaryň 2 futbolçysyny 116 million ýewro transfer etdi
“Mançester Ýunaýted” hem-de “Arsenal” üçin ýaryş tamamlandy
“Tottenhamyň” täze transferi
“Premier Ligada” ýylyň tälimçisi we ýylyň futbolçysy belli boldy
92 ýyldan soň 50 gola ýeten ilkinji futbolçy
“Premier Ligada” futbol baýramçylygy 11 günde 30 oýun