AHWYAÇK Halkara Gurama Öwrüler

Maslahatyň jemleýji jarnamasynda maslahata gatnaşan ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary tarapyndan Aziýada Howpsyzlygy we ynamy artdyryjy çäreler konferensiýasynyň doly üpjünçilikli halkara gurama tapgyrlaýyn geçiş etabynyň başladylmagy hakynda karar kabul edildi.

Jarnamada Kuweýdiň Aziýada Howpsyzlygy we ynamy artdyryjy çäreler konferensiýasynyň 28-nji agzasy hökmünde kabul edilmegi hakynda karar kabul edildi.

Jarnamada şeýle hem Gazagystanyň 2024-nji ýyla çenli Aziýada Howpsyzlygy we ynamy artdyryjy çäreler konferensiýasynyň döwürleýin ýolbaşçylygyny ýerine ýetirmegi meselsinde liderleriň ylalaşyk gazanandygy nygtaldy.

Merkezi Gazagystanyň paýtagty Astanada ýerleşýän Aziýada Howpsyzlygy we ynamy artdyryjy çäreler konferensiýasynyň 28 doly, 9 sany hem synçy agzasy bar.

Türkiýe, Gazagystan, Azerbaýjan, Owganystan, Bahreýn, Bangladeş, Birleşen Arap Emirlikleri, Eýran, Yrak, Iordaniýa, Katar, Kamboçiýa, Gyrgyzstan, Müsür, Mangoliýa, Pakistan, Hindistan, Günorta Koreýa, Palestina, Şri-Lanka, Hytaý, Taýland, Russiýa, Wiýetnam, Özbegistan we Kuweýt Aziýada Howpsyzlygy we ynamy artdyryjy çäreler konferensiýasyna doly agza ýurtlar.

ABŞ, Belarus, İndoneziýa, Ýaponiýa, Malaýziýa, Fillipinler, Ukraina, Türkmenistan we Laos bolsa synçy agza.

Gazagystanyň paýtagty Astanada Garaşsyzlyk köşgünde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ýolbaşçylygynda geçirlen maslahata Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň Prezidenti İbrahim Reisi, Yragyň Prezidenti Berhem Salih, Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sani, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahman bilen synçy ýurt Belarusyň Prezidenti Aleksander Lukaşenko gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Moskwada geçiriljek dabaraly harby ýörişe gatnaşmagyna garaşylýar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MOSKWADA GEÇIRILJEK DABARALY HARBY ÝÖRIŞE GATNAŞMAGYNA GARAŞYLÝAR
Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýdy
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş baýramy mynasybetli Moskwada geçirilýän harby ýörişe gatnaşdy
Angliýanyň EURO 2020-de çykyş etjek düzümi belli boldy
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary