Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalçysy Polina Gurýewanyň tälimçisi Ahmet Saryýew Türkmen sporty gazetiniň habarçysy tarapyndan guralan söhbetdeşlikde öz pikirlerini beýan etdi. Bu söhbetdeşligi Türkmenportalyň okyjylary bilen hem paýlaşýarys:
Polina türgenleşikleri taşlapdy...
Söhbeti aňyrrakdan alyp gaýdaýyn. 2015-nji ýylyň 1-nji apreli. Şol gün resmi taýdan ýurdumyzda ilkinji gezek zenanlar topary açyldy.Birneme aňyrrak gitsem, men 2011-nji ýyldan bäri gyzlar bilen türgenleşik işlerini geçip gelýärdim. Şol ýyl men Wengriýanyň Budapeşt şäherinde agyr atletika boýunça tälimçileriň üç aýlyk okuwyny geçdim.
Okuwdan gelip, Agyr atletika federasiýasynyň tabşyrygy bilen, gyzlar topary bilen işleşip başladym. 2012-nji ýylda Koreýa Respublikasynda geçirilen Aziýa çempionatyna gatnaşyp, Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmäge hukuk gazandyk. Şonda şägirdim Kristina Şermetowa çykyş etdi. 2015-nji ýylda gyzlar toparynyň resmi ýagdaýda açylmagy bilen, agyr atletika höwes edýän gyzlary toparyma çagyryp ugradym.
Toparymyzda Kristina Şermetowa, Gülnabat Kadyrowa ýaly zehinli türgenler bardy.Bir gün bolsa men Polina jaň etdim.Ol käbir sebäplere görä türgenleşiklerini taşlap, eýýäm bäş-alty aý bäri zala gelmän ýördi.
Men oňa Polina, türgenleşigiňi taşlama, zehiniň bar, başlan işiňi orta ýolda goýma, gel, işleşeli diýdim.Ol şol wagt mekdep okuwçysydy.Oňa şol wagt goldaw-hemaýat berjek adam gerekdi.
Ol aradan köp wagt geçmänkä, biziň toparymyza goşuldy.
Agyr atletikaçy zenanlaryň Olimpiýa tejribesi artýar
― Diýmek, şeýdibem geljekki Olimpiýa medalynyň eýesi boljak Polina Gurýewanyň täze sport ýoly başlanypdyr-da...
Hawa, şeý diýsegem bolýar.Ol topardaşlary bilen derrew alşyp gitdi. Öňem bile çykyş edip ýören türgenleri-dä. Şeýdip Polina-da biz bilen ýokary derejede türgenleşik işlerine başlady.Ilki bilen aýtmaly zat, agyr atletika boýunça zenanlar toparymyzyň 10 ýyldan gowrak taryhy bar. Ýöne biz eýýäm 2016-njy ýylda Braziliýada geçen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandyk. Şol gezek türgenimiz Gülnabat Kadyrowa Olimpiýa oýunlarynda çykyş edip, tejribe toplamaga mümkinçilik aldy.
Bu eýýäm uly üstünlikdi.Gepiň gerdişine görä bellesem, şol bäsleşige şägirdim Hojamuhammet Toýçyýew hem gatnaşdy.Tokio 2020-de eýýäm iki türgen gyzymyz çykyş etdi. 10 ýylyň içinde bu örän uly üstünlik diýip aýdyp bilerin.
Mekdepden rugsat alyp gaýdýardym
Şägirdiňiz Polinanyň sport ýolunda gatnaşan ýaryşlary barada hem durup geçäýseňiz...
Polina ilkinji gezek 2015-nji ýylda Taýlandda geçirilen Aziýa çempionatyna gatnaşdy. Şonda 58 kilogram agramda çykyş edip, birinji ýedilige girdi.Biz, elbetde, bu bäsleşige, esasan, tejribe toplamak üçin gatnaşdyk. 2017-nji ýylda Bakuwda geçirilen Yslam Raýdaşlyk oýunlaryna gatnaşan Polina 63 kilogram agramda iki görnüşiň jeminde 193 kilogram agyrlygy göterip, Oýunlaryň altyn medalynyň eýesi boldy. Şol bäsleşikde Gülnabat Kadyrowa hem 69 kilogramda çykyş etdi. Şol ýyl paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Polina 63 kilogramda dördünji orny eýeläp, şahsy rekordyny 202 kilograma çenli artdyrdy. 2018-nji ýylda Daşkent şäherinde ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda 63 kilogramda çykyş edip, 3-nji orna mynasyp boldy. 2019-njy ýylda Fiji Respublikasynda ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda 64 kilogramda çykyş edip, dörtlüge düşdi. 2019-njy ýylda Polina Taýlandda geçirilen dünýä çempionatynda Tokio olimpiadasyna gatnaşmak üçin utuk gazandy. Şu ýyl bolsa Özbegistanda geçen Aziýa çempionatynda 59 kilogramda 4-nji orny eýeläp, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Polina türgenleşikde ýaltalyk eden adam däl.Işeňňir.Topardaşlary bilen ysnyşykly gatnaşýar.Ejesi Swetlana bilen gyzynyň türgenleşikleri barada habarlaşyp durýarys. Ýadymda, Polina heniz mekdep okuwçysy wagtlary ejesiniň haýyşy bilen onuň okaýan mekdebine baryp, türgenleşiklerini gürleşip gaýdýardym.
Ol iteklemekde has güýçli
Agyr atletikada iki usul bolup, her bir türgeniň öz eý görýän ugry bolýar. Ýalňyşmaýan bolsam, Polinanyň itekläp götermek ukyby has ýokary ýaly...
Polina soňky Aziýa çempionatynda görkezen netijesini has-da ýokarlandyrdy. Ol Tokioda 121 kilogram göterdi. Bu görkeziji zenanlaryň arasynda ýurdumyzyň rekordydyr. Indi onuň iteklemekde görkezen bu netijesi barada aýtsam, Polinanyň fiziki taýdan aýak we bil myşsalary güýçli. Şeýle beden gurluşly türgenler iteklemekde beýlekilerden artykmaçlyk gazanýarlar.
Agyr atletika höwesek gyzlar köpelýär
Şägirdiňiziň bu üstünligi ýaşlaryň agyr atletika bolan höwesini has-da artdyran bolsa gerek.
Ýaňam belleýşim ýaly, soňky onýyllykda zenanlaryň arasynda agyr atletika höwes edýän gyzlaryň sany köpelip ugrady.Häzirki wagtda ýurdumyzda geçirilýän çempionatlara paýtagtymyzdan, welaýatlardan gelýän zenan türgenleri görüp begenmän bolanok.
Bu, ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda türkmen sportuny ösdürmek babatda alnyp barylýan beýik işleriň öz miwesini berýändigini görkezýär.Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary babatda döredip berýän mümkinçilikleridir şertleri bimöçberdir.
Halypa-şägirtlik ýoluny gaýtadan dikelden milli Liderimiz her bir türgene, tälimçä görelde mekdebidir.Garaşsyzlyk ýyllarynyň ilkinji olimpiýa medalynyň bolsa ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gazanylan üstünlikdigini buýsanç bilen belläsim gelýär.