Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk Aşgabatda öz işine başlan Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi atly maslahatda çykyş etdi.
Ahmet Çalyk çykyşynda öňdebaryjy pudak wekilleriniň innowasiýa tehnologiýalary we çözgütleri ara alyp maslahatlaşmagy üçin guralan maslahatyň ähmiýetini belläp geçdi. Syýasy we ykdysady durnuklylygy sebäpli Türkmenistanyň daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegini dowam etdirýändigini aýtdy.
— Kompaniýamyz Türkmenistanda ençeme ýyl bäri işleýär. Şu döwürde gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda köp taslamany amala aşyrdyk. Saglygy goraýyş, dokma we himiýa ýaly beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirýändigimize buýsanýarys — diýip belledi.
Ahmet Çalyk Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny we ony energoulgama birikdirmek üçin gerekli elektrik geçiriji ulgamlary gurmak, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijili halkara taslamasyna gatnaşmak babatda kompaniýanyň häzirki taslamalary barada aýtdy. Ol maslahatyň Türkmenistanyň gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda mundan beýläk-de öňegidişlige alyp barjakdygyna ynam bildirdi.
Forumyň işi iki günüň dowamynda Uglewodorod serişdeleriniň monetizasiýasyny we diwersifikasiýasyny çaltlandyrmak, Binagärlikde we şäher gurluşygynda häzirki zaman meýilleri: akylly şäher Arkadag — geljegiň we mümkinçilikleriň şäheri, Gurluşyk we senagat: ýokary hilli gurluşyk materiallaryny öndürmek we täze infrastruktura taslamalaryny maliýeleşdirmek, Gurluşygyň, senagatyň ösüşinde we awtomobil ýollarynyň gurluşygynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň orny, Tehnologik innowasiýalar we Türkmenistanyň senagat, gurluşyk, energetika pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak atly mowzuklaýyn mejlisleriň bäşisinde dowam eder.