Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde geçiren iş maslahatyndan soňra, Halk Maslahatynyň Başlygynyň garamagyna merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy täze merkeziň şaýollaryna we köçelerine milli medeniýetimizde, sungatymyzda, edebiýatymyzda we taryhymyzda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň atlarynyň dakylmagynyň olaryň bitiren hyzmatlaryna minnetdarlygyň nyşanyna öwrüljekdigini we beýik şahsyýetleriň atlarynyň ebedileşdiriljekdigini belledi. Şunda Berdi Kerbabaýew, Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow, Alty Garlyýew, Sabyr Ataýewa, Maýa Kulyýewa, Myrat Garryýew we beýlekiler ýatlanylsa, maksada laýyk boljakdygy nygtaldy hem-de bu meselede Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň agzalary bilen maslahatlaşyp, onuň kanunçylyk taraplaryna üns berilmelidigi bellenildi.