“Ahalyň” jogapsyz 7 goly, “Altyn asyr” ýeňiş bilen başlady

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty Ýokary Liganyň 30-njy möwsümine badalga berildi. Möwsümiň ilkinji tapgyrynda 3 oýunda ýer eýeleri, 1 duşuşykda-da myhmançylykdaky topar ýeňiş gazandy. Çempion “Altyn asyr” öz meýdançasynda “Energetik” toparyndan 1-0 üstün çykdy. Aragatnaşykçylara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 65-nji minutda Myrat Annaýew geçirdi.

Wise-çempion “Ahal” öz meýdançasynda “Nebitçi” bilen duşuşdy. Garşydaşynyň derwezesinden jogapsyz 7 gol geçiren “Ahal” täze möwsümi taryhy ýeňiş bilen başlady. Gollary Elman Tagaýew (14), Arslanmyrat Amanow (22, 56 p), Didar Durdyýew (77, 85 p), Döwran Hojamämmedow (78) hem-de Meýlis Diniýew (90+1) geçirdi.

“Şagadam” bilen “Aşgabat” toparlarynyň arasyndaky oýunda 3 gol geçirilip, ýer eýeleri 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Hazarýaka şäheriniň toparyna ýeňiş getiren gollary 1-nji ýarymda Kerim Hojaberdiýew bilen Baýramgeldi Nurlyýew derwezä girizdi. “Aşgabat” toparynyň ýeke-täk goluny bolsa Şatlyk Gurbanow öz adyna ýazdyrdy.

Tapgyryň myhmançylykda ýeňiş gazanan ýeke-täk topary “Merw” “Köpetdagy” paýtagtda Orazberdi Myradowyň 75-nji minutdaky goly esasynda 1-0 hasabynda ýeňdi.

DERBILER TAPGYRY

2-nji tapgyryň duşuşyklary 5-6-njy awgustda oýnalar. Derbileriň tapgyry hökmünde görülýän bu tapgyrda “Aşgabat” “Köpetdag”, “Energetik” “Merw”, “Nebitçi” “Şagadam” hem-de “Altyn Asyr” “Ahal” duşuşyklary geçiriler.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ýubileý duşuşygyny geçirdi
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
TÝL ― 2023: Ahal Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi