Ahalyň goragçysy Hakmuhammet Bäşimow ilkinji gezek Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyryldy

Ahalyň goragçysy Hakmuhammet Bäşimow ilkinji gezek Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyryldy

Mundan ozal ýetginjekler we ýaşlar ýygyndylarynyň düzüminde çykyş eden Ahalyň goragçysy Hakmuhammet Bäşimow ilkinji gezek Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyryldy. Bu barada milli ýygyndynyň metbugat gullugy habar berdi.

23 ýaşly oýunçy Dubaýda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşar. Onuň dowamynda DÇ-2026-nyň saýlama tapgyryna taýýarlyk görýän türkmen ýygyndysy BAE-niň çempionatynda çykyş edýän toparlaryň ikisi bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Maglumat üçin, Hakmuhammet Bäşimow 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri Ahalyň düzüminde oýnaýar. Ol 19-njy sentýabrda, Al-Feýha (Saud Arabystany) bilen oýunda AFK Çempionlar ligasyndaky debýutyny amala aşyryp, Elman Tagaýewe golly pas geçirmegi başardy hem-de toparynyň ýeňşine uly goşant goşdy.

Ýeri gelende bellesek, noýabr aýynda Aziýa yklymynda DÇ-2026-nyň saýlama tapgyryna badalga berler. Saýlama tapgyrynyň E toparçasyndan orun alan Türkmenistanyň ýygyndysy Eýran, Özbegistan hem-de Gonkong/Butan jübütiniň ýeňijisi bilen güýç synanyşar. Mergen Orazowyň şägirtleri saýlama tapgyryna 16-njy noýabrda Özbegistan bilen boljak oýun arkaly girişerler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
TÝL ― 2024: Ahal Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
Yragyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär, Ýagşymyradow Bellator ýaryşynda ýeňiş gazandy, Türkmenistanyň medeniýet ministri TURKSOÝ-yň mejlisine gatnaşar we beýleki habarlar
Türkmenistanda Tatarystanyň medeniýet günleri we V Wena baly geçiriler, Aşgabat we Daşkent kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar, Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky şowsuzlygy we beýleki habarlar