Ahalyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky duşuşyklaryna gyrgyz janköýerleri hem üns berer

Ahalyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky duşuşyklaryna gyrgyz janköýerleri hem üns berer

Sport.kg web saýtynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň wise-çempiony Ahal futbol toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky duşuşyklaryna Gyrgyzystanda hem uly üns berler. Gyrgyz futbolsöýüjileri ýurduň toparlarynyň ozalky oýunçylarynyň yklym ýaryşynda nähili netije gazanjakdygy bilen ýakyndan gyzyklanýar.

Neşir häzirki wagtda Ahalyň üstünlikleri üçin göreşýän goragçy Ata Geldiýewiň öz döwründe Oş şäheriniň Alaý, Kant şäheriniň Abdyş-Ata futbol toparlarynda çykyş edendigini ýatlaýar. Şeýle hem Ahalyň ýarym goragçysy Amir Gurbany bir möwsümi Bişkegiň Dordoýynda geçiripdi.

Ahalyň yklym ýaryşyndaky ilkinji duşuşygyny şu gije Birleşen Arap Emirlikleriniň Şabab Al-Ahli topary bilen geçirjekdigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Süleýman Muhadow Alaýyň düzüminde ilkinji resmi duşuşygyna çykdy
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: Atekäýew ― iň gowusy
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: ikinji günüň netijeleri
Süleýman Muhadow "Alaý" topary bilen şertnama baglaşdy
Türkmenistanly hüjümçi Gyrgyzystanyň çempionatynda bir duşuşygyň iň gowy futbolçysy saýlanyldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Gyrgyz Respublikasynyň futbol çempionatynda çykyş eder