Ahalteke atlarynyň taryhy mekany

Adamzadyň ösüşiniň dowamynda atlaryň keşbi dünýä medeniýetinde möhüm orny eýeledi. Bu diňe bir maddy medeniýete däl, eýsem, ruhy taýdanam möhümdir. Atlar, şübhesiz, ruhy dünýäniň baky gymmatlygy bolup, aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň üçin “at mowzugy” sungatda hem uly orun alypdyr. Gadymy döwürlerden häzirki güne çenli ýazyjylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, şahyrlaryň eserlerinde owadan atyň keşbi giňden wasp edilipdir.

Ady rowaýata öwrülen ahalteke atlarynyň taryhy mekany bolan ýurdumyzda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan arheologiki tapyndylardan hem görnüşi ýaly, Türkmenistan döwletimiz hakykatdan hem behişdi bedewlerimiziň gadymy ýurdudyr.

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bosagasynda ýurdumyzyň arheologlarynyň täze gözlegleriniň netijesinde, ýüze çykarylan gymmatlyklar halk köpçüligine ýetirildi. Lebap welaýatynda geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde görkezilen gymmatlyklaryň arasynda atyň toýundan ýasalan heýkeljigi Kerki etrabynyň çägindäki Mürzebeg galasyndan tapyldy. Bu tapyndy gadymy Parfiýa medeniýetiniň III-V asyrlara degişlidir diýlip çaklanylýar.

Täsin gymmatlyklaryň beýleki üçüsi Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abiwerd galasyndan tapyldy.Bu gala Beýik Ýüpek ýolunyň esasy şahalarynyň biriniň ugrunda ýerleşýär. Şonuň üçin hem ol taryhyň ähli döwürlerinde, şol sanda orta asyrlarda hem iň bir gelim-gidimli ýerleriň biri bolupdyr.

Muny ýüze çykarylýan tapyndylar hem tassyklaýar.Täze tapylan gymmatlyklaryň arasynda eýerlenen atyň üstündäki çapyksuwaryň şekilini aňladýan syrçaly, keramiki heýkeljik bar.Bu heýkeljik XII XIV asyrlara degişlidir diýlip çaklanylýar.

Getirilen başga bir gymmatlyk bolsa iç ýüzüne bedewiň şekili çekilen keramiki gabyň bölegidir. IX-XIV asyrlaryň önümidigi çaklanylýan gap abat görnüşinde bezege juda baý bolan bolmaly. Türkmen bedewiniň keşbi bolsa onuň bezeg kompozisiýasynyň merkezinde ýerleşipdir. Elbetde, bu pederlerimiziň öz atyna goýan belent hormatyndan nyşandyr.

Üçünji bir gymmatlyk XI-XIV asyrlara degişli küýzäniň bölegidir. Onda hyýaly atyň keşbi şekillendirilipdir. Bu şekilleri synlanyňda, türkmen bedewlerine ýöne ýere “asman atlary” diýilmändigine göz ýetirýärsiň.

Bagtyýar SuýUnow,

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Ýene-de 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 12 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Soňky Bir Hepde-de 67 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 15 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Bir hepde-de 72 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi