
Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň metbugat beýanatynda habar berildi.
Degişli karar Botswananyň Kasane şäherinde ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi.
ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisiniň işi 9-njy dekabra çenli dowam eder. Ozal habar berşimiz ýaly, onuň dowamynda jemi 55 hödürnama serediler.