Ahally telekeçiniň guşçylyk toplumynda günde 70 müňe golaý ýumurtga alynýar

Ahally telekeçiniň guşçylyk toplumynda günde 70 müňe golaý ýumurtga alynýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Batyr Annanyýazowyň guşçylyk toplumynda her gün 70 müňe golaý ýumurtga alynýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän bu guşçulyk toplumynda ýumurtga ugurly towuklaryň 100 müňden gowragy idedilýär. Bu barada TSTB-nyň metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, telekeçi Batyr Annanyýazowa degişli 100 gektar ýerde dürli görnüşli dänelik ekinler ösdürilip ýetişdirilip, olar bu guşçulyk toplumynda iým hökmünde giňden peýdalanylýar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Oraznazar Annanyýazowyň et ugurly guşçulyk toplumynda broýler towuklaryň 20 müňüsi idedilip, ol ýerde ýetişdirlen towuk etleri “Jadyly saçak” haryt nyşany bilen ýurduň söwda nokatlaryna ugradylýar.

Ýene degişli makalalar

Syýasy tussag Gulgeldi Annanyýazowyň sürgün möhleti gutardy
Norwegiýa türkmen hökümetinden Gulgeldi Annanyýazow baradaky sowalyna jogaba garaşýar
Norwegiýa türkmen hökümetinden Gulgeldi Annanyýazow baradaky sowalyna jogaba garaşýar  
Türkmen okuwçylary matematika internet-olimpiadasynda baýrak aldylar
Awiamodelçi türgenler 2018-nji ýylyň möwsümini jemlediler
12-nji iýulçy Annanyýazowyň 11 ýyl türme tussaglygynyň uzaldylandygy habar berilýär